Sepleriň elýeterliligi

Iki amerikan pilotynyň jesedi tapyldy


Şenbe güni Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi anna güni bu ýurduň daglyk raýonynda heläkçilige uçran amerikan pilotlaryndan ikisiniň jesediniň tapylandygyny mälim etdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, häzirki wagt üçünji bir pilotdan habar-hatyr tapmak boýunça gözleg işleri alnyp barylýar.

Birleşen Ştatlara degişli bu ýangyç guýujy uçar anna güni Gyrgyzystandaky “Manas” harby-howa bazasyndan 160 kilometr töweregi günbatarda, daglyk raýonda ýere gaçypdy.

Käbir gözli şaýatlar bu uçaryň howada weýran bolup, ýere gaçandygyny aýdýarlar. Bu heläkçilige nämäniň sebäp bolandygy heniz belli däl.
XS
SM
MD
LG