Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow kararlara gol çekdi


Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe kararlara we permanlara gol çekdi. Bu gol çekilen kararlaryň hatarynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak baradaky karar hem bar.

Kararda Türkmenistanyň Daşary işler we Adalat ministrliklerine bir aý möhletiň dowamynda bu täze karar bilen baglanyşykly zerur dokumentleri hem-de kanunlara girizilmeli üýtgetmeleriň taslamalaryny Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemelidikleri barada tabşyryklar hem berlipdir.

Mundan daşary, düýn prezident Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ilatynyň 2013-2017-nji ýyllar boýunça sagdyň iýmitlenmegi baradaky milli programmasyny-da” tassyklady.

Ýöne ilatyň sagdyn iýmitlenmegi baradaky bu programmanyň nähili maksatlary göz öňünde tutýandygy barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG