Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Dört aýyň jemi jemlendi


Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda ýylyň dört aýyndaky sosial-ykdysady ösüşiň jemleri jemlendi. Maslahatda wise-premýerler we käbir beýleki ýokary derejeli resmiler öz dolandyrýan pudaklaryndaky görkezijiler barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda halk hojalygynyň tas ähli pudagynda diýen ýaly planlaryň möhletinden öň we artygy bilen berjaý edilendigi bellenildi.

Wise-premýer A.Goçyýew öz hasabatynda geçen dört aýda lomaý söwda dolanyşygynyň 119.2 prosent ösüşi görkezendigini, býujetiň girdeji böleginiň 115.7 prosent, çykdajy böleginiň bolsa 95.5 prosent ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatyna görä hem geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende umumy önümçiligiň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi Oba hojalyk ministrligi boýunça 111.9 prosent, Suw hojalygy ministrligi boýunça 103.5 prosent, Tebigaty goraýyş ministrligi boýunça 106 prosent, “Türkmengalla-önümleri” Döwlet birleşigi boýunça 143.6 prosent ösüşi görkezipdir.
XS
SM
MD
LG