Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda NATO-nyň 8 esgeri öldi


Owganystanyň territoriýasynda ýüz beren üç sany aýry-aýry çaknyşykda NATO-nyň esgerlerinden sekizisi öldi. Bu ölenlerden ýedisiniň amerikan harbylarydygy aýdylýar.

NATO-nyň resmileriniň aýtmagyna görä, amerikan harbylaryndan bäşisi şenbe güni Kandagar welaýatynda ýol gyrasynda goýlan bomba partlanda, wakanyň pidasy bolupdyr.

Şol gün ýurduň Farah welaýatynda-da Owganystanyň milli armiýasynyň bir esgeriiniň atan okundan iki amerikan esgeri ölüpdir.

Bu wakalaryň fonunda Demirgazyk Owganystanda-da näbelli ýaragly söweşijileriň hüjüminde halkara koalision güýçleriň bir esgeriniň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG