Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Ysraýylyň hüjümini ýazgardy


Ýekşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligi Siriýanyň territoriýasynda Ysraýylyň geçiren hüjümlerini berk ýazgaryp, regionyň ýurtlaryny Ysraýylyň beýle çärelerine tutanýerli garşy durmaklyga çagyrdy.

Eýranyň “Press TW” atly telewideniýesine beren interwýusynda Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ysraýylyň bu hüjümlerini “agressiýa” diýip atlandyryp, muny regionda durnuksyzlyk döretmek üçin “hasaplanylyp” amala aşyrylan iş hökmünde häsiýetlendiripdir.

Ýekşenbe güni irden Siriýanyň döwlet mediasy Ysraýyly paýtagt Damaskdaky bir harby barlaglar merkezine hüjüm geçirmekde aýyplap, maglumat ýaýratdy. Ýöne bu hüjümde çekilen ýitgiler we weýrançylyklar barada anyk maglumat berilmeýär.

Ysraýyl tarapy bu soňky hüjüm barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýaýratmady. Emma mundan iki gün öň Ysraýylyň resmileri anna güni irden Siriýanyň territoriýasynda Ysraýyl tarapyndan başga bir howa hüjüminiň geçirilendigini tassyklapdylar.
XS
SM
MD
LG