Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ýeňiş baýramy bellenilýär


Şenbe güni Aşgabadyň “Mekan” köşgünde Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygyna bagyşlanyp, uly dabaraly çäre gurnaldy.

Bu baýramçylyk çäresine çagyrylan uruş weteranlaryna we uruşda ýanýoldaşlaryny aldyran zenanlara Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan pul we gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy.

Ýeňiş baýramçylygyna bagyşlanyp gurnalan bu dabara şäher häkimliginden, jemgyýetçilik guramalaryndan we dürli okuw jaýlaryndan köpsanly wekiller-de gatnaşdy. Dabara gatnaşyjalaryň öňünde döredijilik kollektiwleri ýörite aýdym-saz programmalary bilen çykyş etdiler.

Her ýylyň 9-njy maýynda bellenilip geçilýän ýeňiş baýramynyň bosagasynda paýtagt Aşgabatda we ýurduň beýleki welaýat merkezlerinde ýene köpsanly baýramçylyk çäreleriniň gurnaljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG