Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Haýytow: “Türkmenler üçin serhet açyk bolmaly”


Russiýa Federasiýasyndaky “Kuşany-Guzany-Oguzlar” jemgyýetiniň başlygy hem “Mužestwo i gumanizm” ýagny “Edermenlik we gumanizm” guramasynyň geňeşçisi Ýaşnar Haýytow (sagda).

Russiýa Federasiýasyndaky “Kuşany-Guzany-Oguzlar” jemgyýetiniň başlygy hem “Mužestwo i gumanizm” ýagny “Edermenlik we gumanizm” guramasynyň geňeşçisi Ýaşnar Haýytow (sagda).

SSSR-iň dargamagy bilen, Türkmenistandan daşary yurtlara çykan türkmenlerden köpüsi Russiýa Federasiýasynda ornayşyp, ýaşamaga başladylar. Şeýlelikde-de, Osrýetde türkmenistanlylaryň uly diasporasy emele geldi. Eýsem, Russiýa Federasiýasynda ýaşaýan türkmenler Türkmenistan bilen nähili aragatnaşyk saklaýarlar we olar iki ýurduň arasynda dörän goşa raýatlyk meselesine nähili baha berýärler? Azatlyk Radiosy şu meseleler bilen gyzyklanyp, Russiýa Federasiýasyndaky “Kuşany-Guzany-Oguzlar” jemgyýetiniň başlygy hem “Mužestwo i gumanizm” ýagny “Edermenlik we gumanizm” guramasynyň geňeşçisi Ýaşnar Haýytow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýaşnar Haýytow, siz Orsýete Türkmenistanyň haýsy ýerinden gaýtdyňyz?

Ýaşnar Haýytow: Türkmenistanda Daşoguzdan 1995-nji ýylda çykyp gaýdyşym.

Azatlyk Radiosy: Moskwada Daşoguzdan göçüp gelen Begdili oguz türkmenleri bar diýilýär. Şolar barada maglumat beräýseňiz?

Ýaşnar Haýytow: Dogrudanam, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan Russiýa göçüp gelen Begdili oguz türkmenleriniň hemmesi diýen ýaly, ýagny köpçüligi Moskwada ýaşaýar. Mundan başga, türkmenler Russiýa Federasiýasynyň beýleki ýerleinde-de, ýagny St.Petersburgda, Ýekatrinburgda, Woronežde, Saratow ýaly uly şäherlerinde-de ýaşaýarlar. Ýöne türkmenistanlylaryň esasy köpçüligi Moskwa welaýatyna ornaşyp, işläp ýörler.

Azatlyk Radiosy: Şol türkmenler bilen gatnaşyklaryňyz nähili? Ýolbaşçylyk edýän jemgyýetleriňiz şol türkmenler barada nähili iş alyp barýar?

Russiýa Federasiýasyndaky “Kuşany-Guzany-Oguzlar” jemgyýetiniň başlygy Ýaşnar Haýytow (ýokardan sagda) öz maşgalasy bilen..

Russiýa Federasiýasyndaky “Kuşany-Guzany-Oguzlar” jemgyýetiniň başlygy Ýaşnar Haýytow (ýokardan sagda) öz maşgalasy bilen..

Ýaşnar Haýytow: Gatnaşyklarymyz ýaman däl. Ýöne, Türkmenistandan şeýle köpçülik bolup Russiýa Federasiýasyna göçüp gelen türkmenleriň agzybirlikde, birleşip Moskwada bir türkmen guramasyny döretmegi has gowy hem bähbitli boljak. Aslynda, türkmenistanlylaryň bir topar jemgyýeti hem bar. Meselem, “Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy raýatlary” atly jemgyýet, “Rus-Türkmen öýi“ diýen jemgyýet hem bar.

Azatlyk Radiosy: Ýaşnar Haýytow, şol jemgyýetler nähili işler alyp barýar?

Ýaşnar Haýytow: Bu jemgyýetler Türkmenistanyň taryhy geçmişi, ady belli adamlar we olaryň eserlerini tanatmaklyk, meselem Magtymguly, Mollanepes, Kerim Gurbannepes ýaly şahyrlaryň doglan günlerini belläp-geçmeklik ýaly çäreler geçirýärler. Baýramçylyklardan Nowruz baýramyny, Gurban baýramy ýaly baýramçylyklary geçirýärler.

Azatlyk Radiosy: Bize bolşuna görä, Russiýa Federasiýasyndaky türkmenistanlylaryň käbirinde diňe ors raýatlygy bar, käbirinde hem Türkmenistan raýatlygy bilen bilelikde iki raýatlyk bar. Russiýa Federasiýasyndaky türkmenleriň “Kuşany-Guzany-Oguzlar” hem-de “Edermenlik we gumanizm” jemgyýetleriniň ýolbaşçysy hökmünde iki raýatlyk meselesine nähili baha berýärsiňiz?

Ýaşnar Haýytow: Russiýa Federasiýasynyň birinji prezidenti Ýelsin 1993-nji ýylda Türkmenistana baranda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Nyýazow bilen iki raýatlyk ylalaşygyna gol çekipdi. Şol ylalaşyk esasynda Türkmenistanda ýaşap ýören ýa-da ol ýere göçüp baryp, maşgalaly-çagaly bolup, iki pasport bilen galanlar bar.

Şolar häzir şu wagta çenli Türkmenistanda ýaşap gelýärler. Ýöne şu 2013-nji ýylyň iýun aýynda şol ylalaşyk güýjüni ýitirýär diýen myş-myşlar bar. Meniň pikirime görä, şol ýatyrylmaly dälmikä diýýärin. Sebäbi dünýäniň köp ýurtlarynda görelde alyp boljak ýagdaýda iki raýatlyk iş ýüzünde durmuşa geçirilip gelinýär.

Azatlyk Radiosy: Russiýa Federasiýasyndaky türkmen diasporasy Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýagdaýlar hakynda megbugatda çykýan habarlara nähili reaksiýa bildirýär? Türkmen diasporasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara nähili baha berýär?

Ýaşnar Haýytow: Russiýa Federasiýasyndaky türkmenleriň-oguzlaryň arasyndaky, özümiziň garyndaş-doganlarymyzyň arasyndaky garaýşy aýtsam, ol meselä yurduň öz içerki syýasatyna degişli mesele höküminde garalýar.

Ýaşnar Haýytow (aşak hatarda sagdan ikinji) Russiýa Federasiýasyndaky “Edermenlik we gumanizm” guramasynyň käbir agzalary bilen.

Ýaşnar Haýytow (aşak hatarda sagdan ikinji) Russiýa Federasiýasyndaky “Edermenlik we gumanizm” guramasynyň käbir agzalary bilen.

Ýöne biziň duýgumyz, islegimiz Türkmenistanda doglanlar üçin Türkmenistan serhediniň açyk bolmagy. Sebäbi, adamyň öz doglan ýurduna baryp-gelmegine hiç hili emeli kynçylyk ýa-da çäklendirme döredilmeli däldir. Esasy mesele iki raýatlyk bolsun ýa-da bolmasyn, duz-çörek iýen ýurduna peýda getirýän, ýurdunda ýaşajak bolýan ýa-da ýurduna gaýtjak bolýan adamlary, elbetde, öz ygtyýaryna goýmaly.

Azatlyk Radiosy: “Kuşany-Guzany-Oguzlar” ýa-da “Edermenlik we gumanizm” atly jemgyýetleriň ýolbaşçysy höküminde siziň özüňiz Russiýa Federasiýasyndaky türkmen diasporasyna iki ýurduň arasyndaky ýagdaýlary nähili düşündirýärsiňiz?

Ýaşnar Haýytow: SSSR döwründe, dogrudanam, köp zatlar aýdylmaýardy we aýdylmagam gadagan edilýärdi. Şol sebäpden, Türkmenistanda doglup, öz taryhyny bilmeýän adamlar hem kän. Türkmenleriň-oguzlaryň etniki gelip-çykyşy, asly, kimlerdendigini bilmegi gadagan edilipdi. Ärsarylar, ýomutlar, saryklar, uşaklar, tekeler diýilýän Türkmenistandaky türkmenleriň hemmesiniň esasy taýpasy-tiresi oguz bolan. Türkmenleriň hemmesiniň asly şol oguzlardan gelip çykan.

Jemgyýetimize şeýle at goýanymyzyň sebäi, ine, şunden gelip çykýar. “Kuşany-Guşany” diýen söz özbaşyna bir many bermeýär. Ol aslynda “Guz-an”, “Oguz-an” diýen sözden gelip çykypdyr. Halkara derejede assimiliýasiýa duçar bolup, ol söz üýtgäpdir.

Häzir “guzany-oguz” diýseň, köp adam düşünmeýär. Germaniýada we Ýewropanyň beýleki ýerlerinde, Amerikada hem Latyn Amerikada, Ýaponiýada, Hytaýda “oguzlar” diýseň, köp adam düşünmez. Ýöne “Guşany” diýseň, derrew hemmesi düşünýär. Sebäbi, “Guşan” diýen söz şol “Oguz-Oguzan-Guzan” diýen gadymy manylary berýär.

Ýer ýüzüni basyp alan we “Guzan” diýlip atlandyrylan dogrudanam taryhda bir döwlet bolan. Bu at hem şol ýer ýüzüni alan Oguzhanyň adyndan gelip çykan bir at. Türkmen diasporasynyň arasynda, ynha, şular ýaly taryhy hakykatlary hem düşündirjek bolup, elimizden geldiginden peýdaly bir iş etmäge çalyşýarys.

Azatlyk Radiosy: Ýaşnar Haýytow, söhbetdeşligimiziň esasy temasyna gaýdyp gelsek, şol goşa raýatlylyk meselesinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda häzir gelnen netije nähili?

Ýaşnar Haýytow: Häzirlikçe hiç hili netije ýok. Russiýa Federasiýasy tarapdan iki raýatlylyk hiç wagt aýrylyp taşlanmady. Ol häli şu wagda çenli dowam edip gelýär. Diňe ony birtaraplaýyn Türkmenistan alyp-taşlady. Iki raýatlyk aýrylan mahaly iki raýatlygy bolan adamlar öz ykbalyny özbaşyna nädip çözmeli? Meniň eşidişime görä, şu wagt Türkmenistanda 100-120 müň töwereginde iki raýatly köpçülik bar.

Azatlyk Radiosy: Jemgyýetçilik hereketleriniň bir öňdebaryjysy hem ýolbaşçysy höküminde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky goşa raýatlyk meselesine siziň öz şahsy garaýşyňyz nähili?

Ýaşnar Haýytow öz aýaly bilen Moskwadaky öýünde.

Ýaşnar Haýytow öz aýaly bilen Moskwadaky öýünde.

Ýaşnar Haýytow: Dogrumy aýtsam, meniň özüm SSSR dargandan soň, Türkmenistan raýatlygyny 1995-nji ýylda gaýdanymyzda, alyp ýetişmändim. Şonuň üçinem, men häzir iki raýatly däl. Mende diňe Russiýa Federasiýasynyň raýatlygy bar. Meniň pikirime görä, bu aňsat mesele däl, juda kyn mesele. Meniň pikirime görä, ol meseläni gyssanman, iki ýurduň halk köpçüliginiň ýaşululary özara maslahatlaşyp, çözmelimikä diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Dünýä türkmenleri bilen geçirilýän söhbetdeşliklerde olaryň hemmesi “Dünýä türkmenleri birleşse, Türkmenistan gidiş-gelişi aňsatlaşdyrylsa, eger mümkin bolsa, raýatlyk berse” diýýärler. Siziň pikiriňize görä, Türkmenistan dünýä türkmenlerine raýatlyk beräýende bir kynçylygy bolarmy ýa-da bir mesele döredermi? Meselem, Gazagystan başga ýurtlarda ýaşaýan gazaklaryň hemmesine raýatlyk berdi. Siz şu ýagdaýa nähili baha berýärsiňiz?

Ýaşnar Haýytow: Hawa, menem Gazagystany mysal berjek boldym. Türkmenistanda ýer kän, şonuň üçinem hiç hili kynçylyk bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana göçüp gitmeklik manysynda däl-de, dünýä türkmenlerine raýatlyk berilmegi babatda nähili pikir edýärsiňiz?

Ýaşnar Haýytow: Türkmenistan raýatlyk beräýmeli. Sebäbi olar özüni oguz-türkmen diýip hasaplaýar. Şonuň üçinem, olaryň hemmesinde Türkmenistanyň raýatlyygy hökman bolaýmaly. Şeýdilende ýalňyşlyk bolmaz. Gaty dogry edilen iş bolar.

Owganystanda, Pakistanda, Siriýada, Bangladeşde. Eýranda bolsun, nirede bolsa-da, adamlaryň özüne türkmen diýip, türkmen dilinde geplemegi ýeterlik bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Russiýa Federasiýasynda siziň baştutanlygyňyzdaky “Guzany-Oguzlar” jemgyýeti başga ýurtlardaky türkmenler bilen nähili aragatnaşyk saklaýar?

Ýaşnar Haýytow: Men 2011-nji ýylda Yraga baryp gaýtdym. Begdili oguz türkmenleri bilen tanşyp, şolar bilen aragatnaşygy ýola goýup gaýtdym. Kirkuga bardyk, ol ýerden Süleýmaniýä gitdik. Soň Mosula, Irbile bardyk.

Azatlyk Radiosy: Yrakdaky türkmenleriň ýaşaýyşlary nähili? Şolar baradaky garaýyşlaryňyzy aýtsaňyz?

Ýaşnar Haýytow:
Yrak türkmenleri hakda meniň pikirim örän gowy. Gowy kabul edip, myhmançylyga aldylar. Başga bir ýurduň-Yragyň raýaty bolup, bir türkmen bolup şol döwletiň Senagat we söwda ministrli ýaly derejelere ýetipdirler.

Şol türkmen ministriň inisi Mahmut Çelebi bilen tanyşdyk we aýlandyk. Siriýada, Owganystanda Kabulda, andhoýly, akjaly we mazary-şerifli, Eýrandaky Gürgende, Tebrizde we Horasanda türkmen dostlarymyz bar. Şolar bilen tanşyp gaytdym we gatnaşyk saklap ýörüs.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG