Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dürli regionlardaky “türkmen aladalary”


Dünýäniň dürli regionlarynda türkmenleriň hal-ýagdaýynyň, däp-dessurlarynyň we sungatynyň aladasy bilen ýaşaýan türkmenler-de bar.
Dünýäniň dürli regionlarynda türkmenleriň hal-ýagdaýynyň, däp-dessurlarynyň we sungatynyň aladasy bilen ýaşaýan türkmenler-de bar.
Dünýäniň dürli regionlarynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda diňe bir öz hususy aladalasy bilen ýaşaman, eýsem türkmenleriň hal-ýagdaýynyň, däp-dessurlarynyň we sungatynyň aladasy bilen ýaşaýanlary-da bar.

Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” atly nobatdaky gepleşiginde Russiýa Federasiýasyndaky “Kuşany-Guzany-Oguzlar” jemgyýetiniň başlygy Ýaşnar Haýytow bilen Orsýetde ýaşaýan türkmenleriň durmuşy barada söhbetdeşligi diňlärsiňiz.

Mundan daşary, Eýranyň Horasan sebitiniň Turbetjam şäheriniň ýaşaýjysy bilen bu sebitdäki türkmenleriň ykdysady ýagdaýy, Ystambuldaky “Owganystan türkmenleri” jemgyýetiniň başlygy Amanulla Gül bilen Ystambulda geçiriljek halkara çäre barada gürrüň edilýär.

Şeýle-de, bu gepleşikde meşhur türkmen sazandasy Oraz Bagybekiň Russiýa Federasiýasyndaky Wolgograd şäherinde ýaşap ýören ýegeni Babahan Babylow bilen hem onuň öz ykbaly bilen baglanyşykly geçirilen söhbetdeşlik diňleýjilere hödürlenýär.

Şu “Dünýä türkmenleri” gepleşigini diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG