Sepleriň elýeterliligi

Hristianlar Pasha baýramyny belleýär


Ýekşenbe güni dünýäniň prawoslaw hristianlary mukaddas Pasha baýramçylygyny giň gerimde belläp geçýärler. Mukaddes “Injil” kitabynyň maglumatyna görä, Pasha gijesi Isa pygamberiň jesediniň täzeden direlen we ýitirim bolan gijesi diýlip hasaplanylýar.

Ýekşenbe güni bu waka bagyşlanylyp dünýäniň dürli regionlarynda prawoslaw keliselerinde ýörite dini ybadatlar we doga okaýyşlyklar gurnaldy.

Moskwadaky “Hristos halas ediji” adyndaky iň uly hristian ybadathanasynda gurnalan ybadat çäresine müňlerçe adamlaryň hatarynda ýurduň prezidenti Wladimir Putin we premýer-ministri Dmitriý Medwedew hem gatnaşdylar.

Bu ybadathanada Rus prawoslaw dininiň patriarhy Kirilliň ýolbaşçylygynda geçirilen ybadat çäresine bir wagtyň özünde 5 müň töweregi adamyň gatnaşandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG