Sepleriň elýeterliligi

Karaçi: Partlamalarda üç adam öldi


Şenbe güni giçlik Pakistanyň Karaçi şäherinde bu ýurduň dunýewi partiýalaryndan biriniň ofisiniň ýanynda iki sany partlama amala aşyryldy. Wakada üç adam ölüp, 20-den gowrak adam ýaralandy.

“Muttahida Kaumi Hereketi” atly dünýewi partiýanyň ofisiniň golaýynda amala aşyrylan bu partlamalaryň jogapkärçiligini talyban topary öz üstüne aldy.

Partiýanyň lideri Haýder Abbas Rizwi telewideniýä beren interwýusynda “Biz munuň üçin hiç ýere gaçyp gitmeris ýa terrorçylaryň öňünde dyza çökmeris. 11-nji maý biziň partiýamyzyň söweşijilerden üstün çykan güni bolar” diýip nygtady.

Pakistanda 11-nji maýa planlaşdyrylan partlament saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, dünýewi partiýalaryň ofislerine we wekillerine garşy hüjümler-de kem-kem artýar. Saýlaw kampaniýalary bilen baglanyşykly amala aşyrylan hüjümlerde aprel aýynyň başyndan bäri Pakistanda 60-dan gowrak adam öldi.
XS
SM
MD
LG