Sepleriň elýeterliligi

Eýran Ysraýylyň Siriýadaky hüjümlerini ýazgardy


Damaskyň etegindäki transport ýolunda Siriýanyň hökümet güýçlerine degişli bir tank ýanýar. Damask, aprel, 2013.

Damaskyň etegindäki transport ýolunda Siriýanyň hökümet güýçlerine degişli bir tank ýanýar. Damask, aprel, 2013.

Ýekşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministrligi Siriýanyň territoriýasynda Ysraýylyň geçiren hüjümlerini ýazgaryp, regionyň ýurtlaryny Ysraýylyň beýle çärelerine tutanýerli garşy durmaklyga çagyrdy.

Eýranyň “Press TW” atly telewideniýesi Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparastyň sözlerine salgylanmak bilen, onuň Ysraýylyň bu hüjümlerini “agressiýa” diýip atlandyrandygyny hem-de muny regionda durnuksyzlyk döretmek üçin “planlaşdyrylyp” amala aşyrylan iş hökmünde häsiýetlendirendigini habar berdi.

Onuň bu beýanatyndan birneme öň, ýekşenbe güni irden Siriýanyň döwlet mediasy Ysraýyly paýtagt Damaskdaky bir harby barlaglar merkezine hüjüm geçirmekde aýyplap, maglumat ýaýratdy. Ýöne bu hüjümde çekilen ýitgiler we weýrançylyklar barada anyk maglumat berilmeýär.

Siriýanyň parlament deputaty Feýez al-Saýegh ýekşenbe güni “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda bu soňky wakalar boýunça nähilidir bir hereket etmezden ozal Siriýanyň hökümetiniň öz soýuzdaşlary bilen pikir alyşjakdygyny aýtdy.

“Bu agressiýa jogap bermezden ozal, Siriýa öz ýaranlary we dostlary, şol sanda Orsýet, Hytaý, Eýran, şol sanda regiondaky garşy duruş güýçleri bilen-de konsultasiýalar geçirer. Meniň pikirimçe, hökümet häzirki wagt muňa gytaklaýyn ýollarmy ýa-da göni harby ýollar arkaly gaýtawul bermelidigi baradaky meselelere garaýar” diýip, siriýaly deputat Feýez al-Saýegh belledi.

Ikilenji hüjüm

Ysraýyl bu soňky maglumatlar barada häzirlikçe hiç hili beýanat etmedi. Eger bu maglumatlar doly tassyklanan halatynda, munuň özi soňky üç günüň dowamynda Ysraýylyň Siriýanyň territoriýasynda ikilenji gezek hüjüm geçirendigini alamatlandyrar.

Bu bolsa, öz gezeginde, Siriýadaky graždanlyk urşuna Ysraýylyň goşulyşmagynyň kem-kem güýçlenýändigini görkezýän bir alamat bolar.

Siriýanyň territoriýasynda Ysraýylyň hüjüm geçirendigi baradaky bu soňky maglumatlar regionda ýiti reaksiýalary döretdi. Müsür we Arap Ligasy aýratynlykda “Ysraýylyň Siriýa garşy hüjümleriniň” bes edilmegi üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini hereketlere çagyrdy.

Ýekşenbe güni Müsüriň prezident administrasiýasy öz ýaýradan beýanatynda Ysraýylyň Sriýadaky howa hüjümleriniň “halkara kanunçylygyna we prinsiplerine garşy gelýändigini we munuň ýagdaýy mundan beýläk has-da çylşyrymlaşdyrjakdygyny” belläpdir.

Arap Ligasy hem öz gezeginde Ysraýylyň Siriýadaky hüjümlerini “Arap ýurtlarynyň özygtyýarlygyny howply ýagdaýda bozmak” hökmünde häsiýetlendirip, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinden haýdan-haý bu hüjümleriň togtadylmagy ugrunda hereket etmekligi talap edipdir.
XS
SM
MD
LG