Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Siriýa barada çykyş etdi


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Ysraýylyň söweş uçarlarynyň Syriýanyň paýtagtynyň golaýynda amala aşyran hüjümlerinden soň Siriýadaky ýagdaýyň öňküsinden hem dartgynlaşjakdygyny duýdurdy.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Ysraýyly yslamçy terroristler “Al-Kaýda” toparyna ýardam bermekde aýyplap, ýekşenbe güni amala aşyrylan bu hüjümleriň her hili ýagdaýy döredip biljekdigini nygtady.

Ysraýylyň resmileri şol hüjümleriň Eýranyň Liwandaky Hizbullah söweşijiler toparyna iberen raketalarynyň garşysyna gönükdirilendigini aýdýarlar.

Ysraýyl üç günüň dowamynda Siriýa iki gezek hüjüm etdi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi bolsa bu hüjümleriň Jamraýa bilen birlikde beýleki käbir şäherlerde-de köp sanly adam ýitgisine getirendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG