Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada zariniň ulanylan bolmagy mümkin


BMG-niň ýokary derejeli barlagçysy häzire çenli toplanan delilleriň Siriýanyň gozgalaňçylarynyň himiki ýaraglary ulanandyklaryny çaklamaga esas berýändigini aýtdy.

BMG-niň Siriýa boýunça iş alyp barýan garaşsyz komissiýasynyň agzasy Karla Del Ponte bu barada ýekşenbe güni Şwesiýanyň italýan dilinde gepleşikler berýän telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu komissiýanyň agzalary ejir çekenler we olara gözegçilik eden lukmanlar bilen goňşy ýurtlarda söhbetdeşlik geçiripdirler.

Del Ponte şol söhbetdeşlikleriň netijesinde siriýaly gozgalaňçylaryň zarin kysymly gazdan peýdalanandyklarynyň ýüze çykarylandygyny mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde-de Del Ponte häzirlikçe hökümetiň himiki ýaraglardan peýdalanandygy barada hiç hili delilleriň ýokdugyny aýtdy.

Emma Del Ponte zarin kysymly gazyň nirede we haçan ulanylandygy barada jikme-jik maglumat bermedi. Ýeri gelende ýatladyp geçsek, prezident Başar al-Assadyň hökümeti bilen ýurtdaky gozgalaňçylar biri-birini himiki ýaraglardan peýdalananlykda aýyplap gelýärler.
XS
SM
MD
LG