Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolotnaýa meýdançasynda täze miting


Orsýetiň oppozisiýasy duşenbe güni Kremle garşy protest geçirmäge taýýarlanýar. Olaryň bu çäräniň dowamynda mundan bir ýyl ozal tussag edilen protestçilerden 20-ä golaýynyň boşadylmagyna çagyrjakdyklaryna garaşylýar.

Tussaglykdaky aktiwistlere Moskwanyň Bolotnaýa meýdançasynda geçirilen demonstrasiýalar bilen bagly aýyplama bildirilýär.

Mundan bir ýyl ozal polisiýa işgärleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda ýüzlerçe adam tussag edilipdi.

Moskwanyň häkimligi oppozisiýanyň ýolbaşçy geňeşine agzalýan meýdanda 30,000 adamyň gatnaşmagynda miting geçirmäge rugsat berdi. Oppozisiýanyň mitingden soň, şäheriň içinde ýöriş etmek baradaky talaby ret edildi.
XS
SM
MD
LG