Sepleriň elýeterliligi

Swerdolwskda ýiten uçar tapyldy


Orsýetiň awiasiýasynyň resmileri 2012-nji ýylda Swerdolwsk regionynda ýitirim bolan uçaryň galan-gaçan böleklerini tapandyklaryny habar berýärler.

Howa transportynyň federal agentliginiň aýtmagyna görä, “Antonow” kysymly ýeňil uçar Serow aeroportundan sekiz kilometr uzaklykda tokaýyň içinde awçylar tarapyndan tapylypdyr.

Bu uçar degişli edaralardan birugsat 12 ýolagçy, şol sanda şäheriň ýol-gözegçilik polisiýasynyň başlygy bilen aeroportdan uçanyndan bäri dereksiz ýitirim bolupdy.

Derňewçiler uçardaky ýolagçylaryň alkogol içgilerini içip, soňra-da ulagdan balyk tutmak üçin peýdalanmakçy bolandyklaryny öňe sürüpdiler.

Orsýetiň Adatdan daşary hadysalar boýunça ministrligi bu uçarda 11 ýolagçynyň jesediniň tapylandygyny tassyklady.
XS
SM
MD
LG