Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde Ollanda garşy protest geçýär


Geçen ýyl Nikolýa Sarkozini prezidentlik saýlawlarynda ýeňip, wezipe başyna geçen prezident Fransua Ollandy tankytlamak üçin on müňlerçe protestçi Parižiň köçelerine çykdy.

30 müň töweregi diýip çaklanylýan protestçiler Ollandyň sosialistik hökümetini, özüniň çepçi goldawçylaryna dönüklik edip, işçileriň howpsuzlygyndan öňürti uly biznesiň bähbidini goramakda, şeýlelikde Ýewropadaky krizisiň hasam erbetleşmegine itergi bermekde aýyplaýarlar.

Demontstrasiýa gatnaşýan sagçy protestçiler bolsa, Parižiň bir jynsdan bolan adamlaryň nikalaşyp çaga edinmegine rugsat berýän kanuny kabul etjekdigini aýdyp, şol sebäpden hökümeti tankytlaýarlar.

Protestçiler aýratynam Ollandyň ykdysady sýyasatyndan nägilelik bildirýärler.
XS
SM
MD
LG