Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýos: Türkmenistan etniki toparlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaly


Owganystandaky syýasatçylar. Kabul, 2008 ý.
Owganystandaky syýasatçylar. Kabul, 2008 ý.
Owganystandaky halkara harby güýçleriň 2014-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtdan çykarylmagy Owganystanyň we tutuş sebitiň geljegi bilen bagly köp sanly soraglary we howatyrlanmalary döredýär.

Käbir ekspertleriň pikiriçe, halkara güýçleriniň gitmegi bilen, Owganystanda durnuksyz ýagdaýyň emele gelmegi mümkin. Munuň netijesinde-de sebitde neşe gaçakçylygy, dini eskstremizm ýaly howplaryň döräp biljekdigine aladalanma bildirilýär.

Eýsem, Türkmenistan bulara nähili taýýarlyk görýär?

Azatlyk Radiosy düýbi Brýusselde ýerleşýän EUCAM, ýagny Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Monitoring programmasynyň başlygy, şeýle hem düýbi Ispaniýada ýerleşýän “Fride” analiz merkeziniň spesialisti Ýos Bunstra bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýos, Merkezi Aziýa, hususanda Türkmenistan, 2014-nji ýylda Owganystandan halkara güýçleriniň çykarylmagyna nähili taýýaryk görýär?

Ýos Bunstra
Ýos Bunstra
Ýos Bunstra: Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň muňa näderejede taýýardygyny ýa-da nähili taýynlyk görýändigini çaklamak juda kyn bolaýmasa. Sebäbi ilki bilen bellemeli zat - 2014-nji ýyldan soň Owganystanda näme boljakdygyny-da, munuň sebite ýetirjek täsirleri barada-da hiç kim, hiç zady anyk aýdyp bilenok.

Bu soraglar diňe bir Türkmenistanyň ýa-da Merkezi Aziýa döwletleriniň gün tertibinde bolman, eýsem ol soraglar NATO-ny, Ýewropa döwletlerini, ABŞ-ny, Orsýeti hem ýokary derejede alada goýýar.

2014-den soň ýagdaýlar - olaryň haýsy ugra ýazjakdygyny çaklamak “asla mümkin däl” diýerlik derejede kyn. Emma regionyň ýüzbe-ýüz boljak käbir howp-hatarlaryny welin, belläp geçse bolar.

Birinjiden, neşe gaçakçylygy.

Ikinjiden, söweşijileriň we ekstremistleriň serhetden geçip, beýleki döwletleriň çäginde ornaşmak howpy.

Üçünjiden – iň esasy howp – bu döräp biljek durnuksyzlyk. Owganystanyň geljeginiň nähili boljagy uly sorag astynda. Eger-de ýagdaýlar ýaramazlaşsa, onda ýurdy terk etjek köp sanly bosgunlaryň hem döremegi mümkin.

Meniň agzap geçen bu üç ýagdaýymyň “durmuşa geçjekdigini” doly ynam bilen aýdyp bolmaz. Emma bular taraplaryň ählisini aladalandyrýan meseleler. Merkezi Aziýa döwletleri öňlerinde duran meseleleriň näderejede möhümdigine göz ýetirip başladylar.

Meniň pikirimçe, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligine açylyp, döräp biljek howplary açyk maslahat edip başlamaly.

Azatlyk Radiosy: Ýos, birnäçe aý mundan ozal türkmen hökümeti Owganystanyň demirgazygynda, ýagny Türkmenistan bilen serhetdeş ýaşaýan etniki türkmenlere gumanitar kömegini ýollady. Bu diňe munuň bilen hem çäklenmän, türkmen häkimiýetleri ýygy-ýygydan şeýle “kömekleri” edýär. Käbir ekspertleriň pikiriçe, resmi Aşgabat munuň üsti bilen serhede golaý ýaşaýan adamlaryň ynamyna girip, döräp biljek käbir howplaryň öňüni almak isleýär. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?

Ýos Bunstra: Bu, elbetde, gowy bir özgeriş. Emma munuň uly gerimleri öz içine alman, diňe Owganystandaky türkmen azlyklaryna hemaýat etmek bilen çäklenýän bolmagy hem mümkin.

Sebäbi Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlar hem Owganystandaky öz etnik azlyklarynyň aladasyny edýärler.

Meniň pikirimçe, her niçik hem bolsa, Türkmenistanyň muňa ilteşikli bolmagy gowulykdan bir alamat.

Azatlyk Radiosy: Ýos, Türkmenistan 2014-nji ýyla taýýarlyk görmek üçin näme etmeli?

Ýos Bunstra: Owganystan bilen serhetde ýerleşýän her bir döwlet bu meselä özüçe çemeleşýär. Bu hem köplenç Owganystanda ýaşaýan etnik azlyklar bilen ilteşikli.

Ýöne mundan daşgary söwda gatnaşyklary, hususan-da, elektrik we gaz eksporty ösdürilse, gowy bolar. Şunlukda iki ýurduň özara ykdysady hyzmatdaşlyk meýilnamasy düzülmeli.

Ikinjiden, Owganystandaky etniki türkmenler bilen çäklenmän, beýleki etniki toparlar bilen hem gowy gatnaşyklary ýola goýmaly. Bu Türkmenistan üçin juda wajyp.
XS
SM
MD
LG