Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Germaniýa: Beata Zşepe sud edilýär


Germaniýada neonasistik gurama agza bolmakda günälenip sud edilýän Beata Zşepe, Mýunhen, 6-njy maý, 2013.

Germaniýada neonasistik gurama agza bolmakda günälenip sud edilýän Beata Zşepe, Mýunhen, 6-njy maý, 2013.

Germaniýada neonasistik gurama agza bolmakda günälenýän zenan sud edilýär. Neonasistik gurama jynsparazlyk sebäpli adam öldürmekde aýyplanýar.

Gara reňkli geýim geýnen we, daşyndan örän rahat görünýän, 38 ýaşly Beata Zşepe Mýunhen şäheriniň suduna polisiýanyň berk gözegçiliginde alnyp baryldy.

Suduň öňünde jynsparazlyga garşy çykyş edýän protestçiler jemlendi. Jemgyýetçilik wekilleri irden suduň öňünde nobata durdular we suduň geçýän jaýyna girmek üçin barlagdan geçmäge razy boldular.

Howpsuzlyk çäreleri

Mýunhen polisiýasynyň wekili Wolfgang Wenger uly ähmiýet berilýän bu sud diňlenişiginiň başlanmagyndan öň görlen howpsuzlyk çäreleri barada gürrüň berdi.

Polisiýanyň wekiliniň sözlerine görä, howpsuzlyk çärelerini 500-e golaý polisiýa işgäri amala aşyrdy. Olar binanyň daşynda gözegçilik etmek, suduň girelgesinde barlag geçirmek, binanyň içindäki howpsuzlygy üpjün etmek we aýyplanýanlary suda eltmek ýaly işleri ýerine ýetiripdir.

Şeýle-de Wolfgang Wenger suduň öňünde alty sany demonstrasiýanyň planlaşdyrylandygyny, olara gatnaşýanlaryň sanynyň iki bilen 500 adam aralygyndadygyny habar berdi.

Beata Zşepe 2000-2007-nji ýyllaryň aralygynda türk milletli sekiz adamy, grek milletli birini we polisiýanyň işgäri bolan bir zenany öldürmekde günälenýär. Şeýle-de ol azyndan iki sany bomba partlamasyna, 15 sany bank talaňçylygyna we ”Milli sosialistik topar” atly gizlin terrorçylyk gurama agza bolmakda aýyplanýar.

Milletçi topar

Derňew astynda galýan ýene dört adam bu gurama ýardam bermekde günälenýärler. 2011-nji ýylda guramanyň iki agzasy, banky talajak bolup, eden şowsuz synanyşygyndan soň, öz janyna kast edip ölüpdi.

Bu waka öz nasisitik geçmişinden saplanmaga çalyşýan Germaniýany sarsdyrypdy.

Köp tankytçylar ýurduň häzirki hökümetiniň Germaniýada sagçy hereketleriň güýçlenmegini gözden düşürendigini aýdýarlar. Germaniýa köp sanly immigrant ilatly ýurtlaryň biri.

Germaniýanyň parlamenti bu ugurda özbaşdak derňew geçirýär. Parlament polisiýanyň we ýörite gulluklaryň adam öldürmeler bilen bagly wakalary radikal sagçy toparlar bilen baglanyşdyrman, hatda käbir halatda bu wakalarda ölenleriň öz garyndaşlaryny şübhe astyna almagynyň sebäplerini anyklamaga synanyşýar.

Breýwik bilen gatnaşyk

Sud duňlenişigi pidalaryň garyndaşlarynyň Beata Zşepe bilen ýübe-ýüz bolmagy üçin ilkinji mümkinçilikdir. Zşepe öz hereketleriniň sebäbini düşündirmedi.

Onuň norwegiýaly Anders Breýwik bilen gatnaşykda bolandygy barada habar berilýär. Immigrantlara garşy çykyş edýän ekstremist Breýwik 2011-nji ýylda ýaragly hüjümi amala aşyryp, 77 adamy öldüripdi.

Geçen ýyl Breýwik Zşepe “gadyrly dogan” diýip ýüzlenipdi we ony radikal sagçy ideologiýany ýaýratmaga ündäpdi.

Sud işiniň bir ýyla çekjegi çak edilýär. Zşepe günäli diýip karar çykarylsa, oňa ömürlik türme tussaglygy garaşýar.
XS
SM
MD
LG