Sepleriň elýeterliligi

Abdylnazar: “Türkmensähralylar Türkmendigine hasam buýsanýar”


Türkmensähradaky türkmenler

Türkmensähradaky türkmenler

Häzirki döwürde tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen ýurtlaryň arasyndaky serhetler aýrylyp, uzakdaky adamlaryň hasam ýakyndan ynsyşmagyna mümkinçilik döreýär. Dürli ýurtlarda ýaşaýan Dünýä Türkmenleri hem ösen tehnologiýädan peýdalanyp, internet arkaly biri-biri bilen tanyşyp, ýakyn aragatnaşyk saklamaga başladylar.

Eýrandaky Türkmensähra sebitinde ýaşaýan Abdulnazar hem internetdäki sosýal ulgamlar bilen ýaňy-ýakynda diýen ýaly tanyşan bir türkmenlerden biri. Türkmensähraly Abdylnazar internetdäki sosýal ulgamlarda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler bilen tanyşmagy netijesinde özüniň durmuşynda täze bir döwrüň başlandygyna üns çekip, öwrenýän maglumatlary bilen indi özüniň türkmendigine hasam buýsanýandygyny nygtaýar.

Azatlyk Radiosyndan Döwlet Baýhan, Abdylnazar bilen Türkmensähra ýaşlarynyň durmuşy we olaryň Dünýä Türkmenleri bilen bolan gyzyklanmalary we gatnaşyklary barasynda söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Abdylnazar, Türkmensährada türkmen ýaşlar internede nähili gyzyklanma bildirýär?

Abdylnazar: Türkmensähranyň türkmen ýaşlary diňe bir internet däl ýa-da sosýal ulgamlar babatda däl, eýsem tehnologiýany ulanmaklyk barasynda diňe bir öz sebitinde däl, tutuş Eýrandaky hemme milletleriň arasynda türkmenler beýleki türki halklar bilen has öňde. Ýöne, tehnologiýany türkmeniň bähbidine nähili ulanylýar, nähili işleýärler diýlende, onda bu barada biraz oýlanmaly bolýar.

Käbir oňaýsyz ýagdaýlara duş gelinýär we görýäris. Internedi ulanan mahaly, türkmençe sahypalarda we kluplarda gynansagam köplenç parsça ýa-da iňlisçe ýaly başga dillerde gepleşýärler. Türkmençe goýulýan zat dogrusyny aýtsam gaty az. Sebäbi biz guwançly taryhymyzyň bardygyny bilemizok.

Biz okaýan mahalymyz “Ärsalan” diýip biriniň adyny eşidýärdik. “Ol urşupdyr, uly ýeňişler gazanypdyr we Rum ilini alypdyr” diýip eşidýärdik. Emma, şol adamyň türkmendigini ýagny Stambuly zabt eden Fatih Soltam Mämmet handygyny indi şu wagt bilip galdyk.

Meniň özüm meselem hamala Türkmensähra türkmenleriniň sowatly ýaşlaryndan bolubam şony bilmändirin. Türkmensähra türkmenlerini öz taryhyny bilmez ýaly, nirden gelenini ýadyndan çykarar ýaly edip bilip beripdirler. Meselem, Oguzhany köplenç adamlar bilmeýär. Şuny men aýdyp biljek.

Magtymguly Pyragynyň mazary. Türkmensähra

Magtymguly Pyragynyň mazary. Türkmensähra



Azatlyk Radiosy: Türkmensährada adamlaryň arasyna girip “Oguzhan kim? Oguzlar kim?” diýip soralsa dogrudanam hiç kim bilmezmi?

Abdylnazar: Biljek adam gaty az bolar. Obaçylyklarda hem hem gaty az adam bilýändir. Bolmasa obaçylyk ýerler türkmen medeniýetini has gowy saklap oturan ýerler. Ýöne indi internet arkaly, ylaýta-da sosýal ulgamlardaky sahypalaryň kömegi bilen Oguzhanyň Türkmenleriň atasydygyny bilip başladylar.

Dogrusyny aýtsam meniň özüm hem bilmeýärdim Oguzhanyň kimdigini. Haçan-da internetde Türkmenistan barada bir kitap tapyp, şol kitabyň içindäki maglumaty okaýançam habarym bolmandy. Oguzhanyň näçe sany oglunyň bolandygyny we nähili işler edendigini indi bilýärin.

Azatlyk Radiosy: Internetde Oguzhan hakynda çeşme köp bolmaly. Gözleg sahypalarynda Oguzhan diýlip ýazylanda ylaýta-da Türkiýede çaň edilen gaty köp ylmy-barlag kitaplaryny görkezýän bolmaly. Ýa-da şol çeşmeler siziň üçin elýeterli dälmi, internetden olary görüp, okap bileňizokmy?

Abdylnazar: Türkmensähranyň türkmenleri köplenç türkçe bilmeýärler. Meniň özüm hem dogrusy gowy bilemok.

Azatlyk Radiosy: Türkçe türkmençä onda-da Türkmensährada gepleşilýän türkmençä bir daş dil bolmaly däl, kynçylykly dil däl, aňsat gürleşse bolýar – diýýärler?!

Abdylnazar: Dogrydanam düýbinden bilnmeýän we düşünip bolmaýan bir dil däl Türkçe. Ýöne biziň dillerimiz taryhyň dowamynda biraz üýtgäpdir. Şonuň üçinem biraz tapawut bolýar. Bu ýerde esasy mesele şeýlemikä diýýärin.

Ýagny bu barada biz nähili işler etmeli. Türkmen taryhy barada ýigrimi-otuz sahypalyk taryh kitapjygy taýýarlamaly. Şol kitapda Oguzhan, Soltan Alparslan, Fatih Soltan Mammet kim bolupdyr we nähili işler edipdirler şol barada gürrüň berilmeli. Şol kitaby ýa-da maglumatlary internetde goýmaly. Facebook ýaly sosýal ulgamlarda hem şeýle maglumatlary paýlaşmaly.

Türkmensähradaky türkmenler

Türkmensähradaky türkmenler


Azatlyk Radiosy: Abdylnazar “Taryhymyzy öwretmediler we taryhymyzy bilmez ýaly etdiler” diýdiň. Türkmensähranyň ýaşlary öz taryhyny, türkmeni we türkmençiligi öwrenmeklik barasynda häzir näme edýärler?

Abdylnazar: Türkmensährada dogrusyny aýtsak şeýle işler bilen meşgullanýan oglanlar hem bar. Meselem sosýal ulgamlarda dost oglanlarym bar. Şolar türkmeniň aladasynda ylgap ýörler. Olaryň öz sahypalary bar we türkmençe ýazýarlar. Emma, Türkmensährada özüniň kimdigini bilmeýänler hem bar. Sebäbi olaryň ene-atalarynyň habary ýok. Şonuň üçinem bilmeýän adam öz çagalaryna nämäni öwredip biler.

Azatlyk Radiosy: Öz taryhy öwredilmeýän bolsa onda näme inernetde esasanam sosýal ulgamlarda türkmenler baradaky edebi, sungat we taryh sahypalaryň köpüsini Türkmensähra türkmenleri alyp barýar. Şol türkmenler Türkmensähradamy ýa daşarda sahypa taýýarlap ýörlermi? Sen şu ýagdaýa we şol sahypalara nähili baha berýäň?

Abdylnazar: Sahypalar köplenç Türkmensährada taýýarlanýar. Ýöne birnäçe Eýrandan daşarda bolan türkmenleriň gowy sahypalary bar. Olar gaty gowy zatlar goýýarlar sahypalaryna. Täzelikde il-ulus diýen bir sahypa açyldy sosyal ulgamda. Onda medeni, taryhy we galan hemme ugurlardan gaty gowy maglumatlar bar. Ol sahypa pars dilinde.

Azatlyk Radiosy: Türkmenleriň sahypasy bolýan bolsa onda näme pars dilinde ýa parslara türkmenleri tanatmaklygy maksat edinýärmi?

Abdylnazar: Ýok, parsça ýazýan hem bolsa, ol sahypada türkmeniň taryhy, medeniýeti we galan hemme zady barada parsça giňişleýin maglumat berilýär. Sosýal ulgamda şol sahypany taýýarlaýan bilen gepleşip hem gördüm. Ol gaty alym, bilermen adama meňzeýär.

Magymguly Pyragynyň we Döwletmämed Azadynyň guburlary. Türkmensähra

Magymguly Pyragynyň we Döwletmämed Azadynyň guburlary. Türkmensähra



Azatlyk Radiosy: Türkmensährada ýaşaýan ýeriňizde Türkmenistandan goýberilýän tele-radio gepleşikleriň bir täsir bolýarmy?

Abdylnazar: Eýrandaky Türkmensähra sebitinde Türkmenistanyň radio gepleşikleri gaty az eşidilýär. Ýaşlar radiony hiç diňlemeýär. Ýaşuly adamlardan diňleýänler bar. Meselem, meniň dädem hem türkmençe radio gepleşikleri diňleýänlerden.

Azatlyk Radiosy: Türkmensährada näme üçin radio diňlenmeýär?

Abdylnazar: Häzirki döwürde telekanallar bar. Köpçülik tele gepleşiklere seredýär. Türkmenistanyň radiosyny diňleýin diýeniňde-de tolkunlary Eýranda tutup bolanok. Türkmensähradaky türkmenleriň köpüsi Türksat diýlen emeli hemradaky kanallara tomaşa edýär.

Hemmer diýen ýaly türkleriň ýedi-sekiz kanalyna seredýär. Türkmen kanallarynyň desgasy baram bolsa bärde hiç kim görüp bilenok. Aşgabadyň kanallaryny görmegi Türkmensähra halky gaty höwes edýär.

Ýöne bir habar bar, şol 2014-nji ýylda Türkmenistanyň telekanallaryny hem görmäge mümkinçilik dörediljek diýýärler. Halkyň arasynda we sosýal ulgamlarda şol gürrüň giňden ýaýrady. Oglanlar-ýaşlar şeýle gürrüňe gaty begenýärler. Nesip etse biz hem şeýdip Aşgabadyň tele-gepleşiklerine tomaşa ederis.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky Türkmensähra sebitinde halkyň arasynda Dünýä Türkmenlerinden söz edilýärmi? Dünýä Türkmenlerinden ýagny başga ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden habaryňyz barmy?

Abdylnazar: Hawa, gürrüňler edilýär we habarymyz bolýar. Eýranda Gürgen radiosy bar. Owganystandaky, Türkmenistandaky we Eýrandaky türkmenlere jaň edip şolar bilen radioda gepleşikler berýärler.

Ýöne bu ýyl näme sebäpdendir bilemok, Türkmenistan bilen telefon arkaly gepleşikler bolmady. Ondan başga arap ýurtlaryndaky, Siriýedäki türkmen barada hem gürrüňler bolýar. Dogrusyny aýtsam owal olar barada hiç maglumatymyz ýokdy. Indi türkmensähralylar hat-da Siriyäniň, Yragyň, Täjigistanyň türkmenlerinden hem habardar.

Azatlyk Radiosy: Abdylnazar, seniň özüň bir türkmensähraly ýaş türkmen hökmünde beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen nähili gatnaşyklar saklaýarsyň? Sen ýaly Türkmensähranyň ýaşlarynyň Dünýä Türkmenlerine gyzyklanmasy nähili?

Abdylnazar: Sosýal ulgamlar arkaly gatnaşyk saklap durun. Owganystanly türkmenler bilen gürleşýärin. Näçe ýyldan bäri ýagdaýlary gowy däl we jem bolup kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilmediler.

Golaýda türkmensähraly ýaş oglamlar bolup bir oturylşyk, söhbetdeşlik geçirip Siriýedäki türkmenler barada gürrüňler etdik. Tehnologiýanyň ösmegi bilen indi hemmeler onuň hözürini görüp, islän adamy bilen habarlaşyp dur.

Dünýäde näme bolup-geçip duranyny hem bilýärler. Meselem, Amerikada bir ýer titreme bolsa, Türkmensähradaky türkmenler hem dessine şondan internet we sosýal ulgamlar arkaly habardar bolýar.

Dogrusy men sosýal ulgamlara goşulanyma üç-dört aý boldy. Sosýal ulgamlara goşulan badyma Türkiýede ýaşap ýören türkmen oglanlardan Ärhan bilen tanyşdym we ol derrew meni şol sosýal ulgamlardaky türkmenleriň sahypadyr-toparlaryna goşdy.

Ondan soňra türkmenistanly Leýla diýen gyz bilen gepleşmäge başladym. Sosýal ulgamlarda köpülenç türkmenistanly, owganystanly we türkmensähraly türkmenler bilen söhbetdeş bolýarys. Siriýe we Yrak türkmenleri hem bar, ýöne olaryň dilleri üýtgäpdir.

Azatlyk Radiosy: Türkmensähra türkmeni hökmünde internetde daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistan, Owganystan, Pakistan, Yrak, Siriýe ýaly ýurtlardaky türkmenler bilen gabatlaşan mahalyňyz araňyzda köp tapawutlanýan zatlar bolýarmy?

Abdylnazar: Owganystan we Eýrandaky Türkmensähra türkmenleri däp-dessur, adatlar taýdan Türkmenistana ýakyn bolansoň, biz özümizi şunuň ýaly dil taýdan hem bir bilýäris. Ylaýta-da Owganystandaky türkmenler bilen Türkmensähra türkmenleri biri-birine has gowy düşünýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmensähra türkmenleri Owganystandaky ttrkmenler bilen has gowy düşünişýär diýdiň. Seniň pikiriňe görä şonuň sebäbi näme?

Abdylnazar: Owganystan türkmenleri bilen gepleşen mahalymyz düşünişmezlik bolanok. Türkmenistan türkmenleriniň hemmesi näme siziň ýaly gepleýärmi?

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan türkmenleri biziň ýaly gepleýär. Siziň gürleşýän türkmenistanly türkmenleriňiz başgaça gürleşýärmi?

Abdylnazar: Türkmenistanly Leýla bilen gepleşýän mahalymyz kän gepine düşünmeýärdim. Siziň ýaly türkmençe gepleýän bolsalar onda türkmensähraly türkmenler türkmenistanlylar bilen hem has gowy düşünşip biler.

Orsçamy bilemok haýsy dilde, düşnüksiz sözler goşýarlar gepleşenlerinde. Owganystanly türkmenler bilen parsça gepleşemizok. Olar bilenem ynha şu wagt siziň bilen gürleşýänimiz ýaly gepleşýäris. Sosýal ulgamlardaky dostlarymyň hemmesi diýen ýaly türkmen.

Azatlyk Radiosy: Sosýal ulgamlarda Türkmensähranyň daşynda başga ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen gürleşýän mahalyňyz düşünşip bilmeýän pikirleriňiz, garaýyşlaryňyz bolýarmy ýagny pikirlerde gapma-garşylyklar ýüze çykýarmy?

Abdylnazar: Pikir taýdan edil olar ýaly düşünişmän duran wagtymyz bolanok. Owganystandaky türkmenler bilen türkmensähralylar hökmünde biziň pikirlerimiz doly utgaşýar.

Türkmenistanlylar bilen ylaýta-da din barada pikirlerimiz tapawutlanýar. Munuň hem sebäbi bolsa belki olaryň kän dini maglumatlary ýokdur. Türkmenistanlylar kä mahal orsçylaşýarlar we orslaryň tarapyny tutýarlar. Dogrusyny aýtsak şeýle ýagdaýlar hem bolýar söhbetdeşliklerde. Hatda Täjigistandaky türkmenerden bir dostum bar we olar bilen hem pikirlerimiz doly gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy: Täjigistandaky türkmen dostnuňyz ol ýerdäki türkmenler barada nähili maglumatlar berýär?

Abdylnazar: Täjigistanly türkmen dostumyň aýdyşyna görä ol ýerde iki ýüz müň töwereginde türkmen ýaşaýar. Şol dostum täjiklerden bir neme gorýandyklaryny aýdýar. BBC-de Täjigistandaky türkmenler hakda bir gepleşige tomaşa edipdim.

Şonda şeýle gürrüň berilýardi; Täjigistandaky türkmenlerden bir gyz bir täjik oglany söýüpdir. Ýöne onuň ene-atasy razy bolmandyr. Gepleşikde Täjigistandaky türkmenleriň başga milletlere hiç hili gyz bermeýändigine aýratyn üns çekilýärdi.

Azatlyk Radiosy: Abdylnazar, Türkmensähraly ýaşlaryň bir wekili höküminde Dünýä Türkmenlerine aýtjak nähili sözleriň bar?

Abdylnazar: Biz indi türkmensähraly türkmen bolup, özümiziň türkmendigimize hasam guwanýarys. Eýranda, Owganystanda, Pakistanda, Türkiýe ýaly dünýäniň niresinde ýaşasa-da türkmenler öz däp-dessurlaryny, adatlaryny we dilini saklajak bolmaly. Dünýä Türkmenleri biri-biri bilen gatnaşjak bolmaly.

Sosýal ulgamlar we internediň döredýän ähli mümkinçiliklerinden gatnaşyklar üçin peýdalanmaly. Men peýdalanmadyk bolsam dünýäniň dürli ýurtlaryndaky türkmenlerden habarym bolmazdy we olar bilen gatnaşyp bilmezdim.

Hemme zatdan owal biz türkmenler bolup öz däplerimizi we dilimizi saklamaly. Türkmen dili barada has köp alada etmeli. Türkmenistanly türkmenler bilim taýdan Owganystan türkmenlerinden belki biraz öňüräkde bolup biler ýöne, Eýrandaky türkmenler Owganystandaky türkmenlerden türkmençilik barada has az işleýärler.

Häzirki döwürde täze türkmen nesliniň elinde uly tehnologiýä mümkinçilikleri bar. 21-nji asyrda ýaşap ýörüs we indi türkmen dilinde çap edilen kitaplar Eýrandaky Türkmensähra türkmenlerine elýeterli ýagdaýa getirilmeli. Ynha Dünýä Türkmenleri üçin şeýle aladalary etmeli we şony edenimizde durmuşymyz has gowy boljakdyr.
XS
SM
MD
LG