Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Hüjümlerde 17 adam öldi


Bagdatda amala aşyrylan üç hüjümde azyndan 17 adam öldi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni sünni musulmanlary metjitden çykyp barýan mahaly, olara el granaty atylypdyr. Wakada alty adamyň ölendigi aýdylýar.

Mundan biraz öň, şaýy musulmanlaryň agdyklyk edýän Hussaniýa etrabynda içi partlaýjyly iki ulag ýarylypdyr. Polisiýanyň barlag-gözegçilik nokadynyň golaýynda amala aşyrylan bu hüjümde bir polisiýa işgäri, başga-da ýedi adam öldi.

Şäheriň garbanyşhanalarynyň biriniň golaýynda bolan partlamada hem üç adam öldi.

Bu üç hüjümde azyndan 33 adamyň şikes alandygy aýdylýar.

Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG