Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeş: Pidalaryň sany 700-e ýetdi


Bangladeşiň hökümet resmileri Dakkanyň golaýynda sekiz gat tikin fabriginiň binasynyň ýumrulmagynda ölen adamlaryň sanynyň 700-e ýetendigini mälim etdiler.

24-nji aprelde Bangladeşiň paýtagtyndan 30 kilometr töweregi aralykda ýerleşýän Sawar şäherçesinde “Rana Plaza” diýlip atlandyrylýan tikin fabriginiň sekiz gat binasy öz-özünden ýumrulanda, onuň içinde üç müň töweregi adam bar eken.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, 2 müň 400 töweregi adamy halas etmek başardypdyr.

Bu wakanyň yzy bilen tikin fabriginiň birnäçe ýolbaşçysy we binany guran jogapkär resmilerden birnäçesi tussag edildi.

Bu aralykda tikin fabriginiň ýumrulmagyndan aman galan adamlar aýlyklaryň we maliýe kompensasiýalaryň berilmegini talap edip, Dakkanyň golaýyndaky köçäni petiklediler.
XS
SM
MD
LG