ABŞ-da on ýyl töweregi wagt bäri ýitirim boldy diýlip hasaplanýan üç aýal Kleweland şäherindäki bir öýden diri tapyldy.
Ogaýo ştatynyň polisiýa işgärleriniň berýän maglumatyna görä, aýallar ýitirim bolan ýeriniň golaýyndan tapylypdyr.
Gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, bir adam öýden çykýan zaryn sesleri eşiden badyna, baryp gapyny döwüp açypdyr.
Polisiýa aýallaryň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny habar berýär.
Polisiýa bu waka bilen ilteşikli üç doganyň hem tussaglyga alnandygyny aýdýar.