Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda amnistiýa kabul edildi


Azerbaýjanyň parlamenti köpçülikleýin amnistiýany kabul etdi.

Amnistiýany geçirmek baradaky teklip, ýurduň prezidentiniň aýaly, şol bir wagtda-da parlamentiň deputaty Mähriban Alyýewa tarapyndan hödürlendi.

Alyýewa muny ozalky prezident Geýdar Alyýewiň 90 ýyllygyna gabatlap geçirilmelidigini öňe sürdi. Häzirki prezident Ylham Alyýewiň kakasy – Geýdar 10-njy maýda doglupdy.

Alyýewanyň berýän maglumatyna görä, amnistiýanyň çäginde 2 müň töweregi tussag azat ediler, başga-da 7 müňe golaý adamyň tussaglyk möhleti kemildiler.
XS
SM
MD
LG