Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Könelişen tehnika oba hojalyk pudagyna zarba urýar


Gyrgyzstanly traktor ussasy Bakytbek Kupeşow
Gyrgyzstanly traktor ussasy Bakytbek Kupeşow
Gyrgyzystanyň oba ýerlerinde oba-hojalyk pudagy halkyň esasy girdeji çeşmesi bolsa-da, soňky döwürde obalarda gazanç etmek kynlaşdy.

Ýöne Gyrgyzystanyň demirgazyk-günbataryndaky Yssy-köl regionynda ýaşaýan daýhan Baktybek Kupeşow gazanç etmegiň başga bir ugruny tapdy. Ol öňki sowet döwrüne degişli köne maşynlaryň galyndylaryndan özi traktor ýasaýar.

“Siziň şu traktorda görşüňiz ýaly, men onuň korobkasyny “Žiguliden”, hereketlendiriji motoryny “Morawiden”, kapotyny “Zaporožetsden” we maşynyň oklaryny “Moskwiç” ulaglaryndan aldym. Onuň tigirleri bolsa oba-hojalyk maşynlaryndan alnan. Şeýlelikde gaty könelişen maşynlary alyp, olary söküp, şaýlaryny hem gaýtadan ulanýarys“ diýip, Kupeşow gürrüň berýär.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Kupeşow goňşy obalar üçin 14 sany traktor ýasap, olaryň hersini 1500-2000 amerikan dollaryndan satdy. Bu Hytaýyň täze traktorynyň ortaça dörtden bir bahasyna barabardyr. Kupeşowyň özi hem döredijiliginiň (ýasan traktorynyň) daşky keşbiniň owadan däldigi bilen ylalaşýar, ýöne oba-hojalyk desgalary, esasan hem bu zatlar elýeterli bolmadyk ýurtda, gözellik ikinji orna geçýär.

BMG-niň iýmit we oba-hojalyk guramasynyň bellemegine görä, ykdysady derejesi Bişkek bilen deňräk bolan beýleki ýurtlar bilen deňeşdireniňde Gyrgyzystanyň her gektara düşýän traktor sany az. Olaryň köpüsi hem sowet döwründen galan köne traktorlar.

Merkezi üpjünçilikden özbaşdaklyga geçiş döwri

Mundan ozal Gyrgyzystan SSR-inde we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda kolhoz hojalygy ýokary derejede mehanizmleşdirilendi. Häzirki wagtda hökümetiň bu pudaga maýa goýumynyň kemelmegi bilen, köne oba-hojalyk mehanizmleri bilen işlemäge mejbur bolýan daýhanlar hasylyny ýygnamak üçin iş haýwanlarynyň we adam güýjünden peýdalanmaga başladylar.

Sowet döwründe Özbegistanyň pagta meýdanlarynyň ýarpysyndan gowragynyň hasyly oba-hojalyk maşynlarynyň kömegi bilen ýygnalýardy. Düýbi Londonda ýerleşýän, çaga zähmetine garşy göreş alyp barýan “Pagta kompaniýasynyň” berýän maglumatyna görä, häzirki wagtda Özbegistanda hasylyň barysy diýen ýaly daýhan maşgalalarynyň el zähmeti bilen ýygnalýar.

Mundan başga, Gazagystanyň demirgazyk ýerlerinde hem ýagdaý şeýle. Sowet döwründe ekin meýdanlarynyň aglabasy bugdaý ýetişdirmek üçin ulanylýardy. Ýöne Dünýä bankynyň berýän maglumatyna görä, topragyň önümçiliginiň pese gaçmagy, himiki dökünleriň ýetmezçiligi we könelişen mehanizmler sebäpli, ekin meýdanlarynyň territoriýasy sowet döwri bilen deňeşdireniňde 50% kemelipdir.

Analitikleriň bellemegine görä, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen Merkezi Aziýa hökümetleri oba-hojalygyny mehanizmleşdirmegi bes etdiler. Şeýle-de, 1990-njy ýyllarda Sowet Soýuzynyň dargamagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwletler bilen söwda gatnaşygyna hem uly zyýan ýetirdi.

“Halkara krizis toparyndan” Deirdre Tynan bu barada şeýle diýýär: “Oba-hojalygyny mehanizmleşdirmek Sowet Soýuzynyň merkezden planlaşdyrma düzgüniniň esasy konsepsiýasy bolup durýardy. Sowet Soýuzynyň içinde, käbir ýurtlar senagat taýdan ösen bolsa, beýleki ýurtlara oba-hojalyk merkezleri diýlip baha berilýärdi. Şol ikisiniň arasynda hem simwoliki gatnaşyk saklanýardy.

Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde önümçilik bilen oba-hojalyk merkezleriniň arasynda söwda gatnaşyklary bolmadyk kiçijik ýurtlaryň dörändigine şaýat bolýarsyňyz” diýip, Tynan aýdýar.

Maýanyň goýulmagy zerur

Bişkekde ýerleşýän Tynanyň sözlerine görä, bu söwda gatnaşyklarynyň dargamagy bilen bir hatarda oba ýollarynyň durkunyň hem-de transport infrastrakturasynyň erbetleşmegine göz ýumuldy.

Merkezi Aziýa hökümetleri oba-hojalygyna maýa goýmagyň deregine, senagat pudaklaryny goldamaga has üns berdiler. Sebäbi hökümetler senagat pudaklarynyň has girdejili eksport mümkinçiliklerini berýändigine ynanýarlar.

Tynanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Bişkegiň supermarketlerinde ýerli önümlere garanyňda, Hytaýyň miwe we gök-önümlerini tapmak has aňsat. Sebäbi dükançylar üçin oba-hojalyk önümlerini çet ýerlerdäki daýhan hojalyklaryndan ýygnap almagyň deregine, daşary ýurtlardan import edilýän lomaý önümleri almak has girdejili düşýär.

Gyrgyzystanyň çetki obalary özüniň guradylan miweleri, hozlary we baly bilen meşhur bolsa-da, olar muny nagt pula öwürenoklar. Hatda olary guradylan miweleri eksport edip, gowy girdeji alyp boljak goňşy yurtlara ýa-da dünýä bazaryna hem çykaranoklar.

Şol bir wagtyň özünde-de ösüş boýunça ekspertler oba-hojalyk we transport mehanizmlerini almaga daýhanlara kreditleriň has elýeterli edilmegi üçin Merkezi Aziýa hökümetlerini köp wagtdan bäri höweslendirip gelýärler.

Ýöne häzire çenli şol hökümetler oba-hojalygyny diňe aýak üstünde galmagy üçin zerur bolan çäklije kömekler bilen, ýagny ekerançylyk döwründe gerek bolan tohum bilen üpjün edip gelýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de ösüş boýunça ekspertler Merkezi Aziýa hökümetlerini oba-hojalyk pudaklaryny daşary ýurt maýadarlary üçin açmaga-da çagyrýarlar. Ýöne, muňa garamazdan, köp hökümetler ekin meýdanlaryny milli baýlyk hökmünde hasaplap, emläk kanuny esasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň ekin meýdanyny satyn almagyny kynlaşdyrýarlar.

Şeýlelikde, köp ýerlerde daýhanlar kyn ýagdaýyň üstesinden gelmek üçin özbaşlaryna göreşmeli bolýarlar.
XS
SM
MD
LG