Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň HHG-i kynçylyk çekýär


Owganystanyň Milli armiýasynyň düzümindäki wertolýot

Owganystanyň Milli armiýasynyň düzümindäki wertolýot

Owganystanyň ýaňy ýola düşüp gelýän harby-howa güýçleri ýurduň howa giňişligine kontrollyk ugrunda jan edýär. Ýöne bu güýç häzir göwresini ýerden götermekde kynçylyk çekýärkä, ondan ullakan zatlar tama edilýär.

Ýollaryň ýagdaýy ýaramaz, köplenç hem jeňçiler tarapyndan minalanan Owganystan ýaly ýurt üçin howa güýji gaty möhüm. Owganystanyň öz goşuny, şeýle hem halkara gury ýer goşuny köp babatlarda NATO-nyň uçarlaryna bil baglap geldi.

NATO güýçleriniň bolsa ýurdy 2014-nji ýylyň aýagyna çenli terk etmegine garaşylýar. Şol sebäpden ýaranlyk öz ýerini eýelejek owgan harby howa güýjüni ýaraglandyryp, ony türgenleşdirýär.

Maksat ýurduň howa giňişligine kontrollyk edip biljek bir güýjüň bolmagy. Ýöne şu wagta çenli Owganystanyň 352 müň adamlyk milli goşuny bilen milli polisiýasy ileri tutulansoň, barby-howa güýçleriniň ösüşi haýal gitdi.

"Aşa ýokary maksatlar"

Owganystanyň 2007-nji ýylda döredilen harby-howa güýçleri bilen bagly NATO aşa ýokary maksatlary göz öňünde tutýar. Ol bu güýjüň 8 müň işgär we 200 uçar bilen aňyrsy 2016-njy ýylyň aýagyndan beýläk öz wezipelerini doly ýerine ýetirmegine garaşýar.

Ýöne häzirki ýagdaýlary göz öňüne getireniňde, bu arzuwlar gaty gala görünýär. Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi general Mohammad Zahir Azimi ýurduň özüni we howa giňişligini goramagy üçin ilkinji nobatda özüne ýeterlik harby-howa güýçleriniň bolmagynyň zerurdygyny nygtaýar.

"Owganystanyň harby howa güýçleri köp ýetmezçiliklerden ejir çekýär. Aýratyn-da gury ýer goşunyny goldamak, howa giňişligimizi gorap saklamak üçin bizde harby uçarlar ýok. Biziň aňtaw ýa gözegçilik ýa howa hüjümlerinden goranyş sistemamyz ýok" diýip, Azimi aýdýar.

Şahsy düzüm

Owganystanyň harby-howa güýçleriniň häzir 6 müň töweregi işgäri bar. Oňa goşulmaga gelýänleriň hem köpüsi ýeterlik bilimi ýoklugy sebäpli yzyna gaýtarylýar.

Ýurduň harby-howa güýçleriniň hatarynda häzir türgenleşikli uçarmanlaryň bir kiçi topary bar. Bularyň hem aglabasy sowet döwrüniň weteranlary. 150 töweregi owgan uçarmany ýurduň içinde we daşynda, köplenç Birleşen Ştatlar bilen Çeh respublikasynda türgenleşik geçip ýör.

Mark Ýoung merkezi Alabamada ýerleşýän "Goranyş Tehnologiýasy" kompaniýasynyň başlygy. Owganystanda awiasiýany goldamak üçin gerekli hyzmatlar bilen amerikan hökümetini şu kompaniýa üpjün edýär.

Kompaniýanyň başlygynyň garaýşyça, Owganystanyň iň azyndan ýene-de on ýyllap öz wezipelerini doly ýerine ýetirip bilýän harby-howa güýçleri bolmaz. Ýoung Owganystanyň öz harby-howa güýçlerini aňsatlyk bilen maliýeleşdirip biljegine hem şübheli garaýar.

Ol bu hakda şeýle diýýär: "Biziň beren zatlarymyzy saklamaga olaryň gurby çatmaz. Olar bu uçarlary diňe uçar ýaly edip saklasalar-da, bu olaryň goranyş býujetiniň ýarpysyny alar. Galyberse-de, biz ol ýerde dürli missiýalaryň çäginde müňlerçe uçuş geçirýäris. Olaryň bu iş üçin hem uçarlary ýok. Men olaryň harby-howa güýçleri bir ýörite missiýalar üçin ýeterlik derejede bolar diýip pikir edýärin. Ol prezidenti we saýlanan resmileri ol ýere, bu ýere gatnatmaga, betbagtçylyk bolsa, kömek etmäge, saýlawda berlen sesleri transportirlemäge ýarar. Ýöne ýurduň milli goranyş güýjüniň diregi bolup bilmez".

Owganystanda häzir 66 müň amerikan esgeri bar. Öňümizdäki ýylyň fewral aýynyň aýgyna çenli bularyň sany aşakladylyp, 32 müňe getirilmegine garaşylýar. Geljek ýylyň dekabrynda söweş missiýasy tamamlanansoň, Amerika Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine konsultasiýa bermek üçin ol ýerde 6 müň bilen 10 müňüň aralygynda esger galdyrar diýen pikirden ugur alynýar.
XS
SM
MD
LG