Sepleriň elýeterliligi

ABŞ zarini jeňçileriň ulanandygyna ynanmaýar


Damaskyň Marjeh etrabyndan goýy duman çykýar. 30-njy aprel, 2013 ý.

Damaskyň Marjeh etrabyndan goýy duman çykýar. 30-njy aprel, 2013 ý.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary "Siriýada gozgalaňçylar himiki ýarag ulandy" diýilýäne ynanmaýandygyny aýdýar.

"Biz oppozisiýa himiki ýaraglary ulandy diýilýän çaklamalara we aýyplamalara juda şübheli garaýarys. Aslynda, himiki ýaraglar ulanylan bolsa, ulanylandygy barada hem subutnama bar - muňa jogapkär Assadyň režiminiň bolmak ähtimally ýokary diýip hasap edýäris" diýip, Ak Tamyň sözçüsi Jaý Karneý aýtdy.

Karneý duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň bir barlagçysy ýygnalan subutnamalardan çen tutup, himiki ýaraglary Başar al-Assadyň hökümeti däl-de, gozgalaňçylaryň ulanan bolmagy mümkin diýeninden soň bu beýanaty ýaýratdy.

Siriýa boýunça maglumat almak boýunça garaşsyz halkara komissiýa bolsa, özüniň entek belli bir netijä gelmändigini bildirip, Karla Del Pontyň ýekşenbe güni Şweýsariýanyň telewideniýesine beren bu maglumatyna özüniň goşulmaýandygyny takyklady.

Komissiýanyň bir barlagçysy bolan Del Ponte pida çekenler we olary bejerýän lukmanlar bilen geçirilen interwýular gozgalaňçylaryň zarin gazyny ulanandygyny görkezýändigini aýtdy.

Gozgalaňçylar hem ret edýär

Siriýanyň oppozision Milli koalisiýasy bular ýaly mümkinçilikleriň diňe režimde bardygyny, özüniň bu barada "subutnama toplamak işini dowam etdirip", ony bu kommisýa berjekdigini mälim etdi.

Moulham al-Droubi Milli Geňeşiň baş sekretariatynyň agzasy.

"Başar al-Assad halkara barlagçylaryna ýurda ýol bermeýär. Bulary ulananyň şoldugynyň güýçli subutnamasy, ine, şol. Siriýanyň aňtaw apparaty adam iberip bilýär. Olar hem biz oppozisiýa degişli diýip, bular ýaly nädogry maglumatlar berip, oppozisiýa himiki ýaraglary ulanýar diýýärler. Bu aňtaw gullugynyň gurnaýan oýny" diýip, Al-Droubi aýdýar.

"Serhetsiz lukmanlar" bir haýyr-yhsan medisina guramasy. Onuň Siriýada gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky etraplarda dört keselhanasy bar. Bu gurama duşenbe güni himiki ýaraglaryň ulanylmagyndan ejir çekýän syrkawlara duşulmandygyny aýtdy.

Prezident Başar al-Assadyň hökümeti bilen gozgalaňçylar biri-birini himiki ýarag ulanmakda aýyplaýarlar.

Amerikan prezidenti Barak Obama Damask tarapyndan bular ýaly ýaraglaryň ulanylmagy ýagdaýy üýtgeder diýdi.
XS
SM
MD
LG