Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Moskwada


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Moskwa sapar edýär. Saparyň dowamynda Kerriniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyp Siriýa, şeýle-de terrorizme garşy göreş meselelerini maslahat etjekdigi aýdylýar.

Maglumata görä, Kerri Russiýanyň graždan jemgyýetiniň wekilleri bilen hem duşuşar.

Kerriniň iki günlük saparynyň dowamynda Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň ýadro howplary, Owganystan, söwda, adam hukuklary ýaly meseleleriň hem maslahat edilmegine garaşylýar.

Kerri özüniň Russiýa saparyny “näbelli esger” ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen başlady.
XS
SM
MD
LG