Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri rus aktiwistleri bilen duşuşdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri. Russiýa. 7-nji maý, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri. Russiýa. 7-nji maý, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň käbir öňdebaryjy adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleri bilen duşuşdy.

Duşuşyk çarşenbe güni ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Maýkl Makfaulyň rezidensiýasynda geçdi.

Aktiwistleriň arasynda Moskwanyň ”Helsinki toparynyň” başlygy Lýudmila Alekseýewa, şeýle-de “Memorial”, “Human Rights Watch Russiýa”, “Agora assosiasiýasy”, “Greenpeace Russiýa” ýaly toparlaryň görnükli wekilleri bardy.

Kerri aktiwistler bilen gepleşiklere başlamazdan ozal, olara ýüzlenip: “Siziň edýän işleriňize hemmeler sarpa goýýar” diýdi.

Soňky hepdeleriň dowamynda rus häkimiýetleri hökümete degişli bolmadyk guramalary sorag edýär. Bu çäreler daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän aktiwistleriň toparlaryny “daşary ýurt agenti” diýip hasaba aldyrmak baradaky dawaly kanunyň çäklerinde geçirilýär.

Kerri, ABŞ-nyň döwlet sekretary hökmünde, Russiýa ilkinji saparyny geçirýär.

Sişenbe güni Kerri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Siriýadaky konflikt we terrorizme garşy göreşdäki özara hyzmatdaşlyk maslahat edildi.

Kerri žurnalistlere beren interwýusynda gepleşikleriň dowamynda hökümete degişli bolmadyk guramalara edilýän basyşyň, şeýle-de ABŞ-nyň raýatlarynyň rus çagalaryny ogullyk almagy gadagan edýän kanunyň hem gozgalandygyny aýtdy.

Haçan-da ABŞ aklawçy Sergeý Magnitskiniň ölümi, şeýle-de adam hukuklarynyň beýleki bozulmalary bilen ilteşiklilikde güman edilýän käbir rus resmileriniň garşysyna sanksiýalary girizende, Russiýa ABŞ-nyň raýatlarynyň orsýetli çagalary ogullyk almagy gadagan edýän garşylykly kanuny kabul etdi.

“Magnitskiý akty” Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagyna sebäp boldy.

Alekseýewa çarşenbe güni Kerri bilen geçirilen gepleşiklerde ne “Magnitskiý aktynyň”, ne-de “Bolotnaýa işiniň” maslahat edilendigini aýtdy.

Kerri, sişenbe güni çykyş edip, Russiýanyň we ABŞ-nyň “özara strategiki bähbitlere ýykgyn etmelidigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG