Sepleriň elýeterliligi

Kerri rus aktiwistleri bilen duşuşdy


Çarşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Moskwada orsýetli ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň bir topary bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň ofisinde gurnalan bu duşuşyga ynsan hukuklaryny goraýjy Moskwa Helsinki toparynyň, “Memorial” toparynyň, “Human Rights Watch” guramasynyň Orsýet bölüminiň, “Agora” guramasynyň we käbir beýleki guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Bu duşuşykda Orsýetdäki raýat jemgyýetine degişli toparlara garşy ýurduň häkimiýetleriniň ulanýan basyş çäreleri bilen baglanyşykly meseleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Bu duşuşygyň öňýany, sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Moskwa edýän ilkinji saparynyň barşynda prezident Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagylar bilen gepleşik hem geçirdi.
XS
SM
MD
LG