Sepleriň elýeterliligi

Çaga ölümi barada hasabat ýaýradyldy


Çarşenbe güni düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Save the Children”, ýagny “Çagalary halas et” atly gurama dünýäniň dürli ýurtlaryndaky çaga ölüminiň ýagdaýy barada ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Dünýäniň 176 ýurduny öz içine alýan bu hasabatda dogulýan çagalaryň ölmek howpy boýunça Türkmenistan 99-njy orunda goýlupdyr.

Bu gurama täze dünýä inýän çagalaryň ölmek howpunyň iň ýokary ýurtlarynyň, esasan, Afrika ýurtlarydygyny aýdýar. Ýaramaz ýurtlaryň soňky üçlügine Serra-Leon, Somaliýa we Kongo ýaly Afrika ýurtlary girizilipdir.

“Save the Children” guramasynyň hasabatyna görä, her ýyl tutuş dünýä boýunça bir milliondan gowrak çaga dünýä inen güni ölýär.

Hasabatda täze dünýä inýän her müň çagadan Orsýetde 2 çaganyň, Gazagystanda 5 çaganyň, Gyrgyzystanda 7 çaganyň, Türkmenistanda 8 çaganyň, Täjigistanda 9 çaganyň, Owganystan bilen Pakistanda bolsa 13 çaganyň doglan güni ölýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG