Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ene Mähri” öýleriniň hupbatlary


"Ene Mähri" çaga dogrulýan öý. Türkmenabat
"Ene Mähri" çaga dogrulýan öý. Türkmenabat
Göwreli aýalyny “Ene Mähri” atly çaga dogrulýan öýe alyp baranda, Kerimguly ol ýer Lebap welaýaty boýunça iň ýokary derejeli hyzmatly, medisina nukdaýnazaryndan hem iň gowy çaga dogrulýan öýdür diýip pikir edipdir.

Elbetde, mermere gaplanyp, ýalpyldap duran binany gören her bir enäniň-de çagasyny şol ýerde dünýä inderesi gelýän bolmagy ahmal. Mundan başga-da, ol binanyň içiniň arassaçylygy we oturdylan döwrebap medisina enjamlary ol ýere ilkinji gezek baranlaryň derrew ünsüni özüne çekýär.

"Daşy jäjek, içi..."

Ýöne lukmanlaryň tejribesine, iş ukybyna we bilim derejesine, şepagat uýalarynyň hyzmatyna gezek gelende welin, ýagdaýyň düýbünden başgaçadygyna Kerimgulynyň gürrüňi şaýatlyk edýär.

Geçen ýyl öz aýalyny gürrüňi edilýän çaga dogrulýan öýüne elten serdarabatly Kerimguly Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berýär: “Lukmanlaryň öz işine biparh seredýändiklerini duýdum hem gördüm, lukmanlar näme iş etjeklerini bilmän, aýalymy 10-15 sagat gynadylar, bu zatlar mende ýaramaz täsir galdyrdy. Aýalymy dogurtmana bellenen lukman öz işini düýbünden bilenok, şeýle lukmanlaryň derdinden dogulýan çagalaryň ýarpysy şikesli dogulýar. Döwlet tarapyndan şu zatlara seredilse, oňat bolardy”.

Özüni Kerimguly diýip tanadan ildeşimiz aýalynyň operasiýa edilip dogurdylandygyny we netijede çagasynyň agyr şikesli doglandygyny aýdýar.

"Ene Mähri" çaga dogrulýan öý. Türkmenabat
"Ene Mähri" çaga dogrulýan öý. Türkmenabat
“Aýalymy operasiýa edip, çagamy şikesli dogdurdylar, şondan bäri çagam gijelerine ýatanok, aglap çykýar. Şu dert bilen diňe men ýüzbe-ýüz bolmadym, meniň ýaly ýüzlerçe ene-ata şu problemany başlaryndan geçirdiler. Şu günler köp adamlaryň çagalary şikesli dogulýar” diýip, Kerimguly Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Kerimgulynyň bu pikirleri barada agzalýan keselhananyň wekilleriniň garaýyşlaryny alyp bolmady.

Kanuna görä...

Emma kanun boýunça göwrelilik möhleti we çaga dünýä inenden tä bir ýaşyna çenli medisina hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň mugt bolmalydygyna garamazdan, çaga dogrulýan öýlerde ähli däri-dermanlary satyn almak bilen bir hatarda ýatak jaýy we iýmit üçin hem ene-atalar pul tölemeli bolýarlar.

“Gymmat-gymmat däri dermanlary bize ýazyp berdiler, biz aptekalardan satyn alyp getirip berdik. Lukmanlar hiç hili özlerinden däri-derman goşanoklar, ähli dermanlary öz pulumyza satyn aldyk. Ýatak jaýy, operasiýa üçin, iýjek-içjegi - ählisi 300 manatdan gowrak boldy” diýip, Kerimguly gürrüň berýär.

“Ene Mähri” çaga dogrulýan öýleri paýtagt Aşgabatdan başlap, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda bar. Ol öýler beýleki çaga dogrulýan öýler bilen deňeşdirilende täze we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

Emma, muňa garamazdan, çaga dogrulýan öýler bilen bagly problemalar adamlaryň dilinden düşmeýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir adamlar lukmanlaryň bilim hem ukyp derejesinden zeýrense, käbirleri keselhanada ornaşandygy aýdylýan parahorlukdan şikaýat edýärler.
XS
SM
MD
LG