Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Surkow wezipesinden çekildi


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň täsirli syýasatçylaryndan biri Wladislaw Surkowyň premýer-ministriň orunbasary wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kanagatlandyrdy.

Kremliň bu baradaky resmi maglumatynda Wladislaw Surkowyň wezipesinden meýletinlik bilen gidendigi aýdylýar.

Emma prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Dmitriý Peskow çarşenbe güni habarçylara beren interwýusynda onuň wezipesinden gitmeginiň hökümetiň işi barada Wladimir Putiniň eden tankytlary bilen baglanyşyklydygyny tassyklady.

Sişenbe güni prezident Putin öz gol çekýän kararlarynyň durmuşa geçmezliginde hökümeti berk tankyt etdi.

Wladislaw Surkow 1999-njy ýyldan 2011-nji ýyl aralygynda Orsýetiň prezident administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary, soňra-da prezident administrasiýasynyň başlygy bolup işläpdi.

Soňky wagtlar onuň gözegçiligindäki “Skolkowo” innowasiýa merkezine garşy maliýe galpyklary bilen baglanyşykly derňewler alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG