Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt söweşijileri Türkiýeden çykýarlar


Çarşenbe güni Türkiýedäki “Kürt parahatçylygy we demokratiýasy” atly partiýa kürt söweşijileriniň Türkiýäniň günorta regionlaryny terk edip başlandyklaryny mälim etdi.

Bu kürt partiýasynyň metbugat sekretary kürt söweşijileriniň bu günorta regionlardan çykmaklaryny Türkiýäniň hökümet güýçleri bilen 30 ýyla golaý wagtlap dowam eden konfliktleri tamamlamak barada ýakynda gelnen özara ylalaşyklaryň çäklerinde amala aşyrylýan çäre hökmünde düşündirýär.

Kürt resmisiniň aýtmagyna görä, kürt söweşijileri Türkiýäniň günorta regionlaryny terk edip, Yragyň demirgazygyndaky öz bazalaryna çekilmekligi planlaşdyrýarlar.

Emma bu soňky hereketler barada häzirlikçe Türkiýäniň resmi hökümetinden nähilidir bir tassyklama alynmady.

Şu çaka çenli Türkiýäniň günorta regionlarynda kanun taýdan gadagan edilen Kürdüstan Işçiler partiýasynyň 2 müňe golaý söweşjisi bar diýlip hasaplanylýardy.
XS
SM
MD
LG