Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myrat Sadykow aradan çykdy


Sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň halk artisti, meşhur aýdymçy Myrat Sadykow 77 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Sowet häkimiýeti ýyllarynda Myrat Sadykow türkmen we rus dillerinde özüniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary bilen giň halk köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başarypdy.

Ol 1970-nji ýyllarda Türkmenistanyň “Güneş” wokal-instrumental ansamblyny ilkinji döredijileriň biri bolupdy we bu ansambla uzak wagtlap çeper ýolbaşçylyk edipdi.

Sowet häkimiýeti ýyllarynda Myrat Sadykow ozalky SSSR-iň dürli respublikalarynda aýdym-saz festiwallaryna we uly konsertlere-de gatnaşyp, doganlyk halklaryň arasynda-da uly meşhurlyk gazanypdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň häkimiýetleri köpsanly beýleki zehinli döredijilik işgärleri bilen birlikde, Myrat Sadykowyň-da döredijiligine goldaw bermediler we onuň döredijiligi soňky nesilleriň arasynda tanalmady.
XS
SM
MD
LG