Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada internet gaýtadan dikeldildi


Siriýada internet we mobil aragatnaşyklary bir sutka ýaly wagtlap kesilenden soň, penşenbe güni ýene ozalky kadaly ýagdaýyna geldi.

Siriýanyň kommunikasiýa mininistri Imad al-Sabouni bu problemanyň “süýümli-optiki kabeldäki tehniki näsazlyklar” sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy. Ol tehniki hyzmat toparlarynyň tutuş ýurt boýunça bu tehniki näsazlygy düzetmegiň hötdesinden gelendiklerini belledi.

Çarşenbe güni Siriýanyň territoriýasynda internet we mobil aragatnaşyklary tutuşlygyna diýen ýaly kesilipdi. Geçen ýylyň noýabrynda-da Siriýada şeýle problema ýüze çykyp, ol üç günläp dowam edipdi.

Oppozision aktiwistler bu soňky wakany hökümet güýçleriniň söweşijilere garşy geçirjek giň operasiýasynyň öňýany bilkastlaýyn amala aşyran çäresi bolmagy mümkin diýip, muňa alada bildirýärler.
XS
SM
MD
LG