Sepleriň elýeterliligi

Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygy bellenilýär


Penşenbe güni postsowet ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygy giň gerimde bellenilip geçilýär.

Bu baýramçylyk bilen baglanyşykly penşenbe güni ýurduň welaýat merkezlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda-da uruşda wepat bolanlaryň hormatyna baky oda gül goýmak çäreleri geçirildi. Mundan daşary, uruş weteranlary bilen dabaraly duşuşyklar we konsert çäreleri-de gurnaldy.

Ýeňiş güni bilen baglanyşykly şeýle dabaraly çäreler ozalky postsowet ýurtlarynyňam köpüsinde gurnaldy. Her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem 9-njy maý güni Orsýetiň paýtagty Moskwadaky Gyzyl meýdançada uly gerimde harby parad geçirildi.

Oňa harby ýolbaşçylar we hökümet resmileri bilen bir hatarda prezident Wladimir Putin we premýer-ministr Dmitriý Medwedew dagylar hem tribunadan tomaşa etdiler.

1941-45-nji ýyllarda nemes faşistik basybalyjylaryna garşy alnyp barlan Beýik Watançylyk urşunda ozalky Sowet Soýuzyndan 27 million töweregi adamyň wepat bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG