Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy tussag edildi


Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew)
Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew)
Şu hepdäniň duşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew) Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölümi tarapyndan tussag astyna alyndy.

Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew)
Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew)
Röwşen Ýazmuhamedowyň dogan-garyndaşlarynyň tassyklamagyna görä, ol Türkmenabat şäheriniň içeri işler departamentiniň 6-njy bölümi tarapyndan tussag edilip, wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirilipdir.

Röwşen Ýazmuhamedow 2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy hökmünde iş alyp barýar. Ol esasan Mary we Lebap welaýatlaryndaky ilatyň durmuşyna degişli sosial meseleler barada reportažlar bilen çykyş edip gelýärdi.

Onuň tussag astyna alynmagynyň sebäpleri barada Türkmenistanyň resmi häkimiýetlerinden häzirlikçe anyk düşündiriş almaklyk başartmady.
XS
SM
MD
LG