Sepleriň elýeterliligi

SRG: Röwşeniň näme sebäpden tussag edilendigini anyklamaly


"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň emblemasy

"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň emblemasy

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhamedowyň (Çaryýew) Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölümi tarapyndan tussag astyna alynmagy bilen bagly, Azatlyk Radiosy düýbi Parižda ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Bir bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri tussag astyna alyndy. Häzire çenli oňa bildirilýän aýyplamalar barada resmi maglumat ýok. Siziň muňa garaýşyňyz nähili?

Ýohan Bir

Ýohan Bir

Ýohan Bir: Ilki bilen türkmen häkimiýetleri bu žurnaliste bildirilýän aýyplamanyň nämedigini, onuň näme sebäpden tussag edilendigini düşündirmeli. Bu Türkmenistan ýaly ýurt barada gürrüň edilende, has hem möhüm.

Ýöne bir zady hem ýatdan çykarmaly däl, türkmen häkimiýetleriniň žurnalistleri hiç bir esassyz türmä basmak boýunça uzyn bir taryhy bar. Häzirlikçe bu iş boýunça hiç bir zady anyk aýdyp bolanok. Emma onuň özüniň žurnalistiki işi üçin tussag edilendigini çaklamaga esaslar bar.

Häzir ilki bilen onuň näme sebäpden tussag edilendigini anyklamaly.

Biz bu meseläni içginden yzarlap başlarys. Oňa bildirilýän resmi we, belki-de, näresmi aýyplamlar baradaky maglumatlara garaşýarys.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, siz bu meseläni “içginden yzarlajakdygyňyzy” aýtdyňyz. Röwşen Ýazmuhamedowyň meselesinde siz nämeler etmekçi?

Ýohan Bir: Elbetde, köp zat onuň näme sebäpden tussag edilendigine, şeýle-de oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň ygtybarlylygyna bagly.

Mysal üçin, Azatlyk Radiosy bilen işleşen beýleki bir žurnalist – Döwletmyrat Ýazgulyýewiň mysalyna seredip göreliň. Oňa “birini öz janyna kast etmek synanşygyna mejbur etmek” boýunça aýyplama bildirilipdi. Bu bir gülki dälmi ahyryn?!

Anyk Ýazgulyýewiň meselesi barada gürrüň edilende, onuň tussag edilmegine onuň reportažlary, hususan-da “Abadan wakalary” bilen bagly, beren maglumatlary sebäp boldy.

Men bu mysaly getirmek bilen, ýöňkelýän resmi aýyplamalar bilen hakyky maksatlaryň arasynda tapawudyň bolmagynyň mümkindigini bellemek isledim.

Biz beriljek resmi jogap bilen asla kanagatlanmarys. Biz bolan zatlaryň anygyna ýetmek üçin tagalla ederis. Sebäbi biz bu ýagdaýa juda ynamsyzlyk bilen garaýarys. Garaz, “Türkmenistanda žurnalist tussag edildi” diýilýän wakalar elmydama-da gümürtik bolýar.
XS
SM
MD
LG