Sepleriň elýeterliligi

HRW: Röwşeniň tussag edilmegini düşündirmeli


Human Rights Watch guramasynyň emblemasy

Human Rights Watch guramasynyň emblemasy

Duşenbe güni Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhamedow (Çaryýew) Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölümi tarapyndan tussag astyna alyndy.

Türkmen resmileri häzirlikçe onuň tussag edilmegi barada hiç hili maglumat bermedi. Azatlyk Radiosy bu mesele bilen bagly, adam hukuklary boýunça iş alyp barýan Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Weronika Szente bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Weronika, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedow (Çaryýew) duşenbe güni Lebap welaýatynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilip, onuň häzirki wagtda Türkmenabat şäheriniň polisiýasynyň 6-njy bölüminde saklanylýandygy habar berilýär. Siziň muňa garaýşyňyz nähili?

Weronika Szente

Weronika Szente

Weronika Szente: Biz bu ugurda uly alada bildirýäris. Sebäbi bu türkmen hökümetiniň garaşsyz žurnalistleri we graždan hukuklary boýunça aktiwistleri tussag edip, zorluklara we kemsitmelere sezewar etmeleriniň dowamy.

Şeýle-de biz onuň saglygy barada hem aladalanýarys. Şol sebäpdenem türkmen hökümetini onuň tussag edilmeginiň sebäplerini düşündirmäge we Röwşene aklawçynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik bermäge çagyrýarys.

Iň esasy zat hem Röwşeniň syýasy sebäplere görä tussag edilendigini çaklamaga esas bar. Eger bu, hakykatdanam, şeýle bolsa, onda onuň tussag edilmegi ýalňyşlyk we ol tiz wagtyň içinde boşadylmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň edaraňyz Röwşeniň ýagdaýy barada nähilidir bir iş geçirmegi planlaşdyrýarmy?

Weronika Szente: Elbetde, biz bu barada Türkmenistan babatda alyp barýan işlerimiziň çäginde alada ederis. Biz öň hem beýle meseleler bilen bagly iş alyp barypdyk. Gynansak-da, bu türkmen hökümetiniň garaşsyz žurnalistleri, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçysyny ilkinji gezek tussag edişi däl.

Bu barada alada etmek Human Rights Watch guramasynyň maksatnamasyna laýyk gelýär. Şonuň üçin siziň berýän habarlaryňyzyň kömegi bilen beýanat ýaýratmaga mümkinçiligimiz bolar. Biz muňa taýýar.

Ondan başga-da, biz bu gürrüňi Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýaranlary, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen gürrüňde hem gozgap, olary bu waka goşulyp, alada etmäge çagyrarys.
XS
SM
MD
LG