Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň hüjümleri barada sud karar çykardy


Penşenbe güni Pakistanyň Peşawar şäherindäki Ýokary sud Pakistanyň territoriýasynda üsti pilotsyz amerikan uçarlarynyň geçirýän hüjümleri bilen bagly karar kabul etdi.

Bu kararda Pakistanyň duýduryşlaryny Waşingtonyň äsgermezlik eden halatynda, üsti pilotsyz amerikan uçarlarynyň hüjümleriniň öňüni almaga Pakistanyň hukugynyň bardygy bellenilýär.

Peşawaryň Ýokary sudunyň sudýasy Dost Muhammad Khan öz kararynda “Amerikan häkimiýetleri ýa-da güýçleri bilen söweş alyp barmaýan az sanly söweşijilere garşy geçirilýän howa hüjümleri halkara kanunçylygyny bozmak bolup durýar” diýip belläpdir.

Şeýle hem, sudýa Dost Muhammad Khan üsti pilotsyz amerikan uçarlarynyň Pakistanyň territoriýasynda geçirýän bu hüjümlerini “bütinleý bikanun we Pakistanyň territorial bitewüligini gödek ýagdaýda bozmak” diýip häsiýetlendiripdir.

Sud Birleşen Ştatlaryň bu hüjümlerini “uruş jenaýatçylygy” hökmünde häsiýetlendirip, Pakistanyň hökümetini bu iş boýunça BMG-niň tribunalyna ýüz tutmaklyga çagyrypdyr.

Ýöne suduň bu kararynyň Pakistanyň hökümeti ýa-da harby güýçleri tarapyndan nähili ýol bilen durmuşa geçiriljekdigi heniz anyk bolman galýar.
XS
SM
MD
LG