Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl dawaly gurluşyga ýol açdy


Penşenbe güni Ysraýylyň hökümeti Palestina degişli Günbatar Kenardaky basylyp alnan ýerlerde ýewreý ilaty üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna rugsat berdi.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary kabul edilen bu kararyň esasynda Günbatar Kenardaky Beýt El atly punktda 296 sany jaýyň gurluşygyna rugsat berlendigini aýtdy.

Synçylar bu kararyň ysraýyl-palestin parahatçylyk gepleşiklerini täzeden ýola goýmak ugrunda Birleşen Ştatlaryň alyp barýan tagallalarynda kynçylyk döretmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Palestinalylar Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan territoriýalarda gurluşyk işleriniň alnyp barylmagyna tutanýerli garşy çykyş edip gelýärler.

Palestinanyň gepleşik alyp baryjy araçyl wekili Saeb Erakat Ysraýylyň bu täze ädimini Birleşen Ştatlaryň gepleşikler ugrundaky tagallalaryna garşy gurnalan “sobotaž” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG