Sepleriň elýeterliligi

RFE/RL-niň metbugat beýanaty


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhamedow

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Ýazmuhamedow

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL) Türkmen gullugynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedow hepdäniň duşenbe güni, 6-njy maýda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Şu gün Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan onuň ejesiniň sözlerine görä, Röwşen Ýazmuhammedow häzirki wagt Içeri işler ministrliginiň guramaçylykly jenaýatçylyklara we terrorizme garşy göreş bilen meşgullanýan bölümi bolan 6-njy bölüminde saklanýar.

Jenap Ýazmuhammedowa garşy häzire çenli resmi jenaýat aýyplamasy bildirilenok. Ýöne düýn häkimiýetler onuň ejesine Röwşen Ýazmuhammedowa jenaýat aýyplamasynyň bildirilmeginiň mümkindigini aýdypdyrlar.

RFE/RL-iň Türkmen gullugy şu gün Ýazmuhammedowyň öz ejesi bilen ýaşaýan jaýynyň töwereklerinde gözegçilik wideo kameralarynyň oturdylýandygyny habar berýär.

Röwşen Ýazmuhammedowyň radio üçin taýýarlan reportažlary sosial meselelere gönükdirilýärdi. Ýakynda bir ýaş gyzyň baş örtgüsi üçin okuw jaýyna goýberilmändigi barada onuň taýýarlan maglumaty Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň arasynda uly diskussiýalaryň döremegine getiripdi.

Musulmanlaryň iýmit baradaky düzgünlerine eýermeli diýlip hasaplanylýan “Halal” dükanlarynda doňuz etleriniň satylmagy bilen baglanyşykly taýýarlan başga bir reportažy hem diňleýjilerde ýiti reaksiýalar döredipdi.

Röwşen Çaryýew ady bilen çykyş edip gelen 30 ýaşly Ýazmuhammedow 2012-nji ýylyň sentýabryndan bäri Azatlyk Radiosyna işläp gelýär.

Ýazmuhammedowyň ejesi Azatlyk Radiosyna soňky döwürlerde öz oglunyň ençeme gezek Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan sorag edilendigini aýtdy.

RFE/RL ýakyn ýyllarda azyndan iki gezek Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän şahsyýetleriň tussag edilmeleri ýa-da hukugynyň bozulmalary ýaly wakalara şaýat boldy. Ol wakalarda bildirilen aýyplamalar toslanyp tapylan aýyplamalar hasaplanylýar.

2011-nji ýylda Döwlet Ýazgulyýew maşgaladaky zorluklar bilen bagly aýyplamalar esasynda geçirilen ýasama sud prosesinden soň türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň özi muny Abadan şäherindäki partlama barada maglumatlar bilen çykyş edendigi üçin ar alynmasy diýip hasaplaýar.

Şol ýylyň başynda Amangelen Şapudakow RFE/RL-niň Türkmen gullugyna beren interwýusynda bir ýerli resmini tankytlanyndan soň, mejbury ýagdaýda ruhy nähoşlaryň keselhanasyna ýerleşdirilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG