Sepleriň elýeterliligi

Respublikanlar Obamanyň administrasiýasyny tankyt edýärler


ABŞ-nyň Tripolidäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň öňki orunbasary Gregori Hiks, Waşington, 8-nji maý, 2013.

ABŞ-nyň Tripolidäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň öňki orunbasary Gregori Hiks, Waşington, 8-nji maý, 2013.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmileri Obamanyň administrasiýasynyň ABŞ-nyň Bengazidäki missiýasyna edilen geçen ýylky terrorçylykly hüjüme jogap berşi bilen bagly aladalanma bildirdiler. Bu barada Kongresde geçirilen diňlenişikde mälim edildi.

Respublikanlar tarapyndan çykyş eden üç adamdan biri - ABŞ-nyň Tripolidäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň öňki orunbasary Gregori Hiks.

Respublikanlar, esasan, ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary we 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda Demokratlar tarapyndan dalaşgär bolmaga taýýarlanýan Hillary Klintony tankyt etdiler.

Demokratlar bolsa respublikanlaryň Bengazide bolan pajygaly wakalary syýasylaşdyrýandyklaryny aýtdylar.

Hiks 2012-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda amerikan ilçihanasyna bolan hüjüm barada gürrüň berende, örän duýguçyl göründi. Şol hüjümde ilçi Kristofer Stiwens heläk bolupdy.

Tankytlaryň sebäpleri

ABŞ-nyň Tripolidäki ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň öňki orunbasary Gregori Hiks pajygaly waka barada habary Liwiýanyň premýer-ministrinden eşidip, bu barada derhal Waşingtona jaň edip, ilçihananyň işgärlerini Liwiýadan çykarmak meselesini gozgandygyny gürrüň berdi.

ABŞ-nyň baş harby we razwedka wekilleri amerikan goşunlarynyň Bengazidäki adamlary ölümden halas etmek üçin wagtynda ýetişmändigini aýdýarlar. Şeýle-de Hiks özüniň we öz kärdeşleriniň 11-nji sentýabrda bolan şol wakalaryň terrorçylyk hüjüm bolandygyna şol bada göz ýetirendiklerini we bu barada Waşingtona habar edendiklerini aýtdy.

Hiks pajygaly wakalardan birnäçe gün geçensoň ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýsyň žurnalistler bilen söhbetdeşliginde hadysanyň yslama garşy wideo bilen baglylykda dörän protestler bilen baglanyşdyrylmagyna geňirgenme bildirdi.

Hiks bilen bilelikde Döwlet departamentiniň Liwiýadaky öňki howpsuzlyk ofiseri Erik Nordstrom we döwlet sekretarynyň terroçylyga garşy göreş boýunça geňeşçisiniň orunbasary Mark Tompson hem çykyş etdiler.

Nordstrom öz beýannamasynda geçen ýylyň dekabr aýynda garaşsyz topar tarapyndan ýaýradylan hasabatda Bengazidäki wakalara degişli esasy pursatlaryň ünsden düşürilendigini aýtdy.

Maglumat ugrundan hyzmatdaşlyk

Diňlenişigiň başynda onuň başlygy Respublikan partiýasynyň kaliforniýaly agzasy Darrell Issa Obamanyň administrasiýasyny Respublikan partiýasynyň agzalýan hadysa bilen baglylykda maglumat sorap ýüzlenende, hyzmatdaşlykdan ýüz öwrenlikde aýyplady.

Darrell Issa diňlenişikden iki gün öň ABŞ-nyň “CBS” telekompaniýasyna beren interwýusynda öňki döwlet sekretary Hillary Klintonyň ýakyn töweregindäkileriň we, belki, Klintonyň özüniň Bengazidäki hüjümlere çemeleşmekde administrasiýanyň kemçiliklerini ýaşyrmak işine baş goşan bolmagynyň ahmaldygyny çaklady.

Hillary Klinton Bengazidäki hüjüm barada şu ýylyň ýanwar aýynda eden çykyşynda öz departamentiniň hereketlerine doly jogap berýändigini aýdypdy.

Komitetiň demokrat agzasy Elijah Kummings Darrell Issanyň aýdanlaryna jogap berip, soňky iki hepdäniň dowamynda habar serişderinde alnyp barylýan kampaniýanyň bolan wakalary derňemeklige däl-de, döwlet resmilerini aýyplamaklyga we masgaralamaklyga gönükdirilýändigini aýtdy.

Kanun çykaryjylar bu mesele barada diňlenişikleri dowam etdirmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG