Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Indira Gandi


"Satira" karikaturasy

"Satira" karikaturasy

Roman edeýin

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanow gyzykly gürrüň eşitse “Täsin zat eken, roman etmeli” diýerdi. Bir gezek Mara gezelenje baranymyzda ýerli ýazyjy-şahyrlar hödür-kerem etmek üçin bizi çöle äkitdiler.

Çölde söz nobatyny halypa ýazyjy Ata Atajanowa berdik. Ata Hajyýewiç özi, galamdaş deň-duşlary bilen bagly gyzykly wakalary gürrüň berýärdi. Içilen arak-şerap kellesine urup, serhoş bolup ugran ýerli şahyr, oblast (welaýat) gazýetiniň redaktory Tagan Söhbetow Ata Hajyýewiç her wakany gürrüň berende onuň endige öwrülen sözlerini gaýtalap, ýagny Ata Atajanowa öýkünip “Täsin zat, roman etmeli” diýip ugrady.

Ata Hajyýewiç başda ony eşitmezlige saldy. Taganyň “… roman etmeli” diýmesi has köpelip ugranda sypaýyçylyk bilen:

- Tagan, bes edäý, maňa gürlemäge, oglanlara diňlemäge zelel berýäň! - diýdi.

Bu haýyş Taganyň gulagynyň ýele ýanyndan geçdi. Ol totyguşa dönüp “ Täsin zat,roman etmeli” diýmesini has köpeltdi. Ata Atajanowyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Ol gazap bilen:

- Tagan, bes et, birden men seni roman edäýmäýin - diýdi.

Bu gazaply duýduryş oňluk bilen tamamlanjak däldi. Iň gowusy bolanda öýkelän Ata Atajanow saçak başyndan turup gaýtjakdy. Hernä wagtynda çykalga tapyldy. Şahyr Atamyrat Atabaýew boşan çüýşeleriň birini eline alyp, ony “dutar” edinip:

- Tagany roman edeýin, Aý,seni roman edeýin - diýip, “aýdyma” başlady. Hemme, Ata Atajanow-da bu “aýdyma” hezil edip güldi. Gülkä aňk-taňk bolan Tagan Söhbet ýassyga
başyny goýdy. Çölden Mara dolanjak bolanymyzda ony zordan oýardyk.

Indira Gandi

Obada mugallym bolup işleýän Kasym Nurbadow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Täşli Gurbanowyň “uguny ýekeläp” (bir ýol bilen göwnüni tapyp), 1983-nji ýylda Ýazyjylar birleşigine işe geldi. Şol ýyl Täşli Gurban aradan çykdy.

1985-nji ýylda geçiriljek nobatdaky gurultaýa çenli birleşige ýolbaşçylyk etmek başlygyň orunbasary bolup işleýän Gurbandurdy Gurbansähedowa tabşyryldy. Gurbandurdy aganyň Kasym bilen “mäşi bişişmeýärdi”.

Ol her edip, hesip edip, Kasymy işden boşatmagyň kül-külüne düşüpdi. Şol günleriň birinde Gurbandurdy aganyň aýaly Ajap ýeňňe aradan çykdy. Ajap ýeňňäniň dünýäsini täzelän gününiň ertesi Kasymyň gyz bäbegi doglupdy.

Bu habar Gurbandurdy aganyň-da gulagyna ilen eken. Ol minnetdarlyk bildirmek üçin ýanymyza gelende Kasyma sypaýçylyk bilen ýüzlenip:

- Ýeňňeň hatyrasyny tutup geleniň üçin, Taňryýalkasyn! “Gyzyň bolupdyr” diýip eşitdim.Ýaşy uzyn bolsun! Näme at goýduň? - diýip sorady.

Kasym:

- Indira Gandiniň hormatyna Indira diýen ady dakdyk - diýdi.

Gurbandurdy aga “ Adynyň eýesi bolsun!” diýip, ýanymyzdan gitdi. Biz bilen bir üýşmeleňde bile duran ýazyjy Hojanepes Meläýew:

- Seniň Ýazyjylar soýuzyndan işden kowuljagyň ujy iki däl. Indira Gandi nireden kelläňe geldi. Ýaňy “Gurbandurdy aga, ýeňňemiziň hormatyna gyzyma ‘Ajap’ diýip, at dakdyk” diýeniňde,
arkaýyn işläbermelidiň. Ýok, seniňki boljak däl - diýip, çyny bilen igendi.

Toplan, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW
XS
SM
MD
LG