Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ruhy lideriň prezident dalaşgäri


Eýranyň ýokary ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhy lideri ýurduň indiki prezidentiniň wezipe ygtyýarlyklaryny suratlandyrmaly bolsady, onda Yslam gymmatlyklaryna sadyklyk we tabynlyk görkezmek talaby ilkinji orny eýelärdi.

Ýöne ýokary ruhy lideriň geljekki prezedentiň Eýranyň teokratik gurluşyna näderejede uýmalydygy barada eden bellikleri köp däl.

Aýatolla Ali Hameneýi 27-nj aprelde isçileriň öňünde eden çykyşynda "Ýerine ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk edýänler biziň duşmanlarymyzyň edýän basyşyna garşy durmaly, gorkmaly däl, sahnany basym terk etmeli" diýipdir.

6-njy maýda hem ol saýlawlary geçirmek boýunça işgärlere: "Prezident halkyň adamy bolmaly, agyr zähmetden gaçmaly däl, şeýle hem akyl-paýhasly bolmaly" diýdi.

Islenýän dalaşgär

Analitikleriň pikiriçe, Hameneýiniň isleýän kandidaty konserwatiw, rewolýusion gymmatlyklara Hameneýiniň özi ýaly bagly bolmaly, onuň Günbatara garşy duýgularyna, Birleşen Ştatlara düýpden ynanmazlyga goşulmaly.

Hameneýiniň ýurt sanksiýalara garşy göreşip, nebitden gelýän girdejä garaşly bolmakdan dynmak üçin "garşylyk görkezmäge ukyply ykdysadyýete" tarap hereket etmeli diýen mahallary hem ýok däl.

Abbas Milany Stanford uniwersitetinde Eýrany öwreniş programmasynyň direktory. Onuň pikiriçe, Hameneýi bir adamda gapma-garşylykly häsiýetleri görmek isleýär, bu hem aňsat iş däl.

"Bir tarapdan ol bir doly tabyn adamy - kömekçi ýa ondan hem pes birini - isleýär. Beýleki tarapdan bolsa, bu adamyň halkyň ykdysady problemalaryny çözüp bilmegini, halkara sahnasynda kiçiräk rolunyň bolmagyny isleýär. Onuň isleýäni esasy şahsyýetiň özüniň bolmagy" diýip, Milany aýdýar.

2005-nji ýylda Hameneýi öz oňşup biljek prezidentini tapdy diýip pikir edilipdi. Şol ýylky prezidentlik saýlawlarynda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiji bolup çykan Mahmud Ahmadinejadyň Eýranyň ýolbaşçysynyň we güýçli rewolýusiýa sakçylarynyň goldawy bilen häkimiýet başyna gelendigine ynanylypdy.

Ahmadinejadyň 2009-njy ýylda jedelli ýagdaýda täzeden saýlanmagynyň hem Hameniýiniň oňlamagy bilen ýol alandygyna ynanylýar.

Prezident Mahmud Ahmadinejad we Aýatolla Ali Hameneýi

Prezident Mahmud Ahmadinejad we Aýatolla Ali Hameneýi


2009-nji ýylda Hameniýi Ahmadinejadyň garaýyşlarynyň öz garaýyşlaryna öňki pragmatik hasaplanýan prezident Ali Heşemi Rafsanjanynyň garaýyşlaryndan has ýakyndygyny açyk boýun aldy.

2010-njy ýylda, özara gatnaşyklarynda dörän näsazlyklara garamazdan, Hameneýi öz çykyşlarynda özüniň Ähmedinejady goldamagy dowam etdirýändigini ýaňzytdy.

Seminar mugallymlarynyň jemgyýetiniň agzasy Hojatoleslam Eslamiýanyň aýtmagyna görä, 2010-njy ýylda Hameneýi "häzirki ýagdaýda pikir tapawutlary bar. Men käbir meseleler bilen ylalaşmaýaryn" diýipdir. "Emma indi ýokary lider näme diýse, prezident kabul edip, şony amala aşyrýar" diýip, Eslamiýan aýdypdyr.

Ýöne bular Hameneýi bilen onuň ýaranlary tarapyndan güýç-gudrat ugrunda alnyp barlandygy doly dokumentleşdirilen we Ahmadinejadyň gözden düşmegine getiren göreşden öň berlen beýanatlar.

Eýran häzir ozal görlüp-eşidilmedik basyş astynda durka, ýokary lidere häkimiýet başyndakylaryň arasynda agzybirlik gerek. Bu ýagdaýy nazara alanyňda, indiki prezidentiň Hameneýiniň lagerine ýakynlaryň biri bolmak ähtimallygy gaty ýokary.

Waşingtonyň Ýakyn Gündogar syýasaty baradaky institutynyň Eýran boýunça eksperti Mehdi Halajy muny şeýle düşündirýär: "Hameneýi olaryň şahsy we bölünişikli arzuw-hyýallarynyň bolmazlygyny kepillendirmek isleýär. Olaryň öz buýruklaryny ýerine ýetirýän müdir ýa ýerine ýetiriji bir işgär bolmagyny isleýär".
XS
SM
MD
LG