Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bangladeş: Yslam fundementalizm howpy iňkär edilýär


“Hefazaty Yslam” hereketiniň aktiwistleri Dakkada ýöriş geçirýär. 5-nji maý, 2013 ý.

“Hefazaty Yslam” hereketiniň aktiwistleri Dakkada ýöriş geçirýär. 5-nji maý, 2013 ý.

Bangladeşdäki “Hefazaty Yslam” hereketine ýurduň dini terbiýeçilik edaralary tarapyndan güýçli goldaw berilýär. Ady agzalýan dini edaralaryň düzümine 25.000 sany medresäniň mugallymdyr talyplary girýär.

Ýöne paýtagt Dakkadaky syýasy synçynyň aýtmagyna görä, halkyň 90 göteriminiň musulmanlardygyna garamazdan, gürrüňi edilýän yslamçy guramaçylykly topar ýurduň içinde kän bir bütewi goldawa eýe däl.

Premýer-ministr Şeýh Hasinanyň hökümeti Hefazatçylary, Bangladeşiň uly göwrümli yslamçy syýasy partiýasy “Jemagaty Yslamçylar” bilen deňeşdireniňde, has harsal hasaplaýar.

Ýagdaý şeýle bolsa-da, “Jemagaty Yslam” topary, dini ýörelgelerniň tapawutlydygyna garamazdan, Hefazatçylaryň ýiti yslam-kanunlary ugrunda alyp barýan kampanýalaryna goltgy berýär.

Hefazatçylar

Hefazatçylar 13 sany yslamçy topardan düzülen koalisiýadyr. Olar maý aýynyň 5-ine we 6-syna Dakkada jemgyýetçilik üýşmeleňini geçiripdiler. Ýygnanyşyk bulagaýçylyklar bilen utgaşypdy we protestçileri dargatmak üçin howpsuzlyk güýçleri herekete geçipdi. Bu waka şol wagtlar halkara derejesinde giňden agzalyp geçilipdi.

Ýerli habar serişdeleri bu wakada 27 adamyň ölendigini habar beripdi. Ölenleriň arasynda iki sany polisiýa işgäri we bir sany harby gullukçy hem bardy. Oppozisýa toparlary ýüzlerçe Hefazat tarapdarlarynyň şol wakadan soň ýitirim bolandygyny öňe sürýär.

“Amerikanyň sesi” habar gullugynyň Dakkadaky habarçysy Zahurul Alam Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde soňky wakalary agdarylyşyga ymtylynýan ýurtdaky syýasy durnuksyzlyga mysal diýip düşündirdi : “Meniň düşünişime görä yslamçylaryň (bu isle hafezatçylar bolsun, isle-de jemagatçylar bolsun) goldawy örän pes. Demokratiki prosesde bu adamlara hiç zadyň tapawudy ýok diýip pikir edýärin. Esasy problema häzir yslamyň ýaýbaňlanmagy däl, ýa-da radikal yslam däl, ýa-da “Talybançylyk” däl. Häzirki döwürde esasy syýasy mesele öňümizdäki saýlawlar we olaryň nähili geçiriljegidir.”

Esasy oppozision partiýa bolan “Bangladeşiň Milletçi Partiýasy” (BMP) Hefazat işgärleriniň we tarapdarlarynyň “köpçülikleýin gyrlandyklaryny” öňe sürüp, tutuş halky maý aýynyň 7-den başlap dowam etjek iki günlük umumyhalk protestine çagyrdy.

Emma Alamyň bellemegine görä, BMP-niň käbir yslamçylar bilen hyzmatdaşlyk etmegine garamazdan, onuň esasy maksady 2013-nji ýylyň ahyrynda boljak umumy saýlawlara “Awam Ligasynyň” gözegçilik etmeginiň öňüni almakdyr.

BMP we beýleki oppozision partiýalar eýýäm birnäçe aýdan bäri bu mesele barada demonstrasiýalary gurnaýarlar. Olar wagtlaýyn hökümet bolmazdan, Bangladeşde erkin we adalatly saýlawlary geçirip bolmajakdygyny aýdýarlar.

Bangladeşde umumy saýlawlar 20 ýyldan bäri wagtlaýyn hökümet sistemasyna laýyklykda alnyp barylýar. Bu sistema 1990-njy ýylda ýurduň esasy partiýalarynyň ylalaşmagynda kabul edildi we 1996-njy ýylda bolsa konstitusiýa girizildi. Aslynda wagtlaýyn hökümet sistemasy, 1981-nji ýylda şol wagtky hökümeti agdaryp häkimiýet başyna geçen Hüseýin Muhammet Erşdanyň 10 ýyllap ýurdy dolandyrmagyndan soňra, demokratiýa geçmek maksady bilen işlenilip düzülipdi.

Ýöne “Awam Ligasy” 2008-nji ýylda bolan soňky saýlawlarda garşydaşlarynyň üstünden uly tapawut bilen ýeňiş gazandy we 2011-nji ýylda öz Mejlisdäki köpçüligini ulanyp, birtaraply karar bilen wagtlaýyn hökümet sistemasyny ýatyrdy.

Ölüm jezaly düzgünnama

Munuň tersine “Hefazatyň” esasy gün tertibi yslamyň mukaddesliklerine dil ýetirýänlere ölüm jezasyny bermekligi talap edýän 13 maddalyk düzgünnamadan düzülipdi. Mukaddeslikleri kemsidenleriň hataryna Muhammet pygambere dil ýetiren internet bloggerler we beýlekiler girýär.

“Hefazat” aýal-gyzlaryň hukuklaryny kämilleşdiriş meýilnamalaryny ýatyrmak barada çykyş edip, zenan hukuklaryny goraýyjylaryň gaharyny getiripdi.

“Bihaýa hereket we geýim” diýip hasaplaýan zatlaryna garşy hefazatçylar talap edijilik bilen çemeleşdiler. Şeýle-de, olar köpçülik ýerinde aýallaryň we erkekleriň garylyp-gatylmagyna we köpçülik ýerlerinde heýkelleriň oturdylmagyna garşy kanunlary talap etdiler.

Premýer-ministr Hasina olaryň bu talaplaryny ret etdi we munuň netijesinde hefazatçylar 5-nji maýda protest çäresini gurnadylar, munuň soňy hem bulagaýçylyga öwrüldi.

Syýasy ekspertler “Hefazatyň” Dakkadaky jemgyýetçilik üýşmeleňinde müňlerçe medrese müritlerini [islän ugruna] küşgürmegi, hefazatçylaryň nähili dar syýasy ýörelgeleriniň bardygyny aýan etdi diýip aýdýarlar.

Ozalky Adalat ministri we Dakkanyň häzirki Ýokary Sudunyň hukukçysy Kemal Huseýin “Amerikanyň sesi” habar gullugy bilen eden gürrüňdeşliginde bangladeşlileriň yslamyň syýasata goşulmagyny kabul etmeýändiklerini aýtdy: "Men ýurtda komunal däl demokratiýa barada, kommunalizmiň täzeden döremegine adamlaryň garşydygy barada, hiç kimiň din bilen syýasaty goşmak islemeýändigi barada ylalaşyga gelnendigine çynym bilen ynanýaryn. Pakistan bu mesele babatda ýeterlik kynçylyklary başdan geçirýär. Men birnäçe pakistanly bilen gürrüňdeş boldum we olar bize 'siz komunal däl syýasaty ýola goýup bilenligiňiz üçin bagtly' diýýärler".

Hüseýin Bangladeşde häkimiýetdäki bibaşlygyň, korrupsiýanyň we jogapkärçiliksiz çemeleşmeleriň netijesinde ekstremist toparlara mümkinçilik dörändigini aýtdy. Ol muňa mysal hökmünde 700 adamyň ölümine getiren Dakkadaky tikin fabriginiň ýumrulyp çökmeginden soň bolup geçen demonstrasiýalary agzady.

Güýçli demokratiýanyň nähili bolmalydygy baradaky bu häzirki nägilelikler, beýlekilere biziň ýanymyza gelip, “bizde çözgüt bar” diýmäge mümkinçilik döredýär. “Elbetde, [iş ýüzünde] olarda çözgüt ýok.”
XS
SM
MD
LG