Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Banklardan $45 million ogurlandy


Anna güni Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri ýakynda internetiň üsti bilen dürli bank hasaplaryndan 45 million dollar puluň ogurlanandygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, bu pullar dünýäniň 25-den gowrak ýurdunda müňlerçe bankomat maşynlarynyň üsti bilen ogurlanypdyr. Bu ogurlygyň bank hasaplaryndan edilen iň bir uly ogurlyklaryň biridigi aýdylýar.

Bu ogurlyk üçin bankomat maşynlary ulanylan ýurtlaryň arasynda Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Germaniýa, Britaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Orsýet, Pakistan, Rumyniýa we Ukraina ýaly ýurtlar hem bar.

Birleşen Ştatlaryň prokuratura resmileri bank hasaplaryndan edilen bu ogurlyklaryň iki tapgyrda, ýagny geçen ýylyň dekabrynda we şu ýylyň fewralynda amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

Amerikan resmileri bu ogurlyga dahylly ýedi adamdan ybarat bir toparyň Nýu-Ýorkda tussag edilendigini aýdýarlar. Bu tussag edilenlere bir günden hem az wagtyň dowamynda bank hasaplaryndan 2 million 800 müň dollara golaý pul ogurlamakda aýyplama bildirilýär.
XS
SM
MD
LG