Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda dalaşgärler nyşana alynýar


Pakistanda 11-nji maýda geçiriljek parlament we ýerli saýlawlaryň bosagasynda dalaşgärlere edilýän hüjümler dowam edýär.

Pakistanyň polisiýasy anna güni Demirgazyk Weziristan welaýatynyň Miran Şah şäherinde saýlawlara dalaşgärlerden dördüsiniň ofisiniň golaýynda amala aşyrylan partlamada azyndan üç adamyň ölendigini habar berdi. Ýöne bu wakada saýlawlara dalaşgärleriň özüne zyýan ýetmändir.

Şol gün ýurduň Kuetta şäherinde-de Pakistan Halk partiýasynyň ofisiniň golaýynda amala aşyrylan başga bir partlamada bäş adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Penşenbe güni Pakistanyň Punjab welaýatyndaky Multan şäherinde-de näbelli ýaragly adamlar saýlawlar bilen bagly üýşmeleňe hüjüm edip, ýurduň ozalky premýer-ministri Ýusuf Reza Gilaniniň ogly Haýder Gilanini alyp gaçdylar.

Haýder Gilaniniň ykbaly barada henizem hiç hili maglumatyň ýoklugy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG