Sepleriň elýeterliligi

Täjik sudy oppozisiýa resmisine ýyl kesdi


Anna güni Täjigistanyň Ýokary sudy ýurduň oppozision Yslam Dikeldiş partiýasynyň resmisi Şerik Karamhudoýewi 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud ony jenaýatçylykly topar döretmekde, bikanun ýarag saklamakda we köpçülikleýin bulagaýçylyk döretmekde günäli tapdy. 46 ýaşly Şerik Karamhudoýew oppozision Yslam Dikeldiş partiýasynyň Daglyk-Badagşan oblastyndaky bölümine ýolbaşçylyk edýärdi.

Ol geçen ýylyň iýulynda hökümet güýçleriniň bu regiondaky ýaragly toparlara garşy geçiren operasiýasynyň barşynda tussag edilipdi.

Şerik Karamhudoýewiň özi hiç bir hili ýaragly çaknyşyklara gatnaşmandygyny aýdyp, özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär. Karamhudoýewiň partiýasynyň resmileri bolsa onuň tussag edilmegini syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip häsiýetlendirýärler.
XS
SM
MD
LG