Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin bilen Kameron gepleşik geçirdi


Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron anna güni Orsýetiň Soçi şäherine bardy. Onuň Soçi şäherinde prezident Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerinde Siriýadaky konfliktler bilen bagly meseleleriň esasy meselelerden biri bolandygy aýdylýar.

Britaniýa Siriýadaky oppozision ýaragly söweşijileri ýakyndan goldap gelýär we bu söweşijileriň ýarag bilen üpjün edilmegine böwet bolýan gadagançylygyň aradan aýrylmagyna aýak direýär.

Şol bir wagtyň özünde Orsýet Siriýanyň resmi hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirýär we Siriýanyň režimi bilen ýarag söwdasyny-da alyp barýar.

Ýöne Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron ýakynda Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky ähli toparlaryň wekillerini öz içine aljak halkara konferensiýasyny geçirmek barada öňe süren inisiatiwalaryny goldaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG